Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe

Jemgyýet
05.06.2026  56

Abadançylygyň, tämizligiň baýramy

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde daşky gurşawy, tebigaty goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilip amala aşyrylýan giň gerimli çärelere uly ähmiýetiň berilýändigini alamatlandyrýar.

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Hazaryň ekologiýa maksatnamasy, Global ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, ýurt hem-de sebit derejelerinde iri maksatnamalaryň, taslamalaryň onlarçasyny durmuşa geçirýär. Garaşsyz ýurdumyz şeýle möhüm çärelere işjeň gatnaşmak bilen, halkara konwensiýalaryň, halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryny berjaý etmäge hemişe taýýardygyny tassyklaýar. Olaryň amala aşyrylmagy halkara tejribesiniň, mümkinçilikleriniň ählumumy abadançylygyň üpjün edilmeginiň bähbidinedir.

Belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýaňy-ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen maslahatlarda hem şeýle derwaýys meseleleriň sebit derejesinde oňyn, oýlanyşykly çözülmegine gönükdirilen möhüm teklipleri öňe sürdi. Olar Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatdaky garaýyşlarynyň, alyp barýan ugrunyň aýdyň beýany, anyk kesgitlemesi boldy.

Garaşsyz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada Milli Liderimiziň başlangyçlaryny işjeň dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlarynyň netijesinde berjaý edilýän çäreleriň daşky gurşawy goramak, ekologiýa arassalygyny gazanmak, howanyň tämizligini üpjün etmek boýunça öňde goýulýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşýandygyny bellemek zerur bolup durýar. Çünki olar tebigatyň gözelligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan baglaryň, seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine giňden ýardam berýär.

Bu barada aýdylanda, Garagum çölüniň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýerliklidir. Sebäbi onuň gurulmagy tebigatyň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, töwereginiň abadançylygynyň ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda bu möhüm desganyň giň sähranyň bezegine öwrülýändigini, onuň geljeginiň uludygyny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýandygyny alym-hünärmenler nygtaýarlar.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän döwlet tebigy goraghanalarynda alnyp barylýan işleriň hem daşky gurşawy goramakda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm orny bardyr. Munuň şeýledigini welaýatymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen bilelikde taýýarlan hödürnamalarynyň esasynda ýurdumyzyň birnäçe goraghanalarynyň, olaryň çöl ulgamlarynyň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň mysalynda hem görmek mümkin. Umumy meýdany 275735 gektardan ybarat bolan bu goraghananyň çäklerinde tebigatyň gözel ýerleriniň, tokaýlyklaryň, suw mesgenleriniň uly toplumy bolup, olarda ösümlikleriň, haýwanlaryň müňlerçe görnüşi gabat gelýär. Olary goramak, köpeltmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreleriň barha giň ýaýbaňlandyrylmagy oňat netijesini berýär.

Ata Watanymyzyň daşky gurşawy goramak, tebigaty has-da baýlaşdyrmak babatdaky ýörelgeleri bu gün bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň geljegini nazarlaýan tagallalarynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kämilligiň açary
12.06.2026   77
Jemgyýet Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy
21.02.2023   411
Jemgyýet Döwletli tutumlara badalga
04.09.2025   226
Jemgyýet Dünýäniň belent ykrary
09.01.2026   134
Jemgyýet Ak bugdaýyň Watany
03.02.2025   534
Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   355
image