Adamzadyň geljegi hakda alada
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda diňe bir ýurt, sebit däl, eýsem, dünýä ähmiýetli başlangyçlary, teklipleri öňe sürýän, olaryň doly möçberlerde amala aşyrylmagyna möhüm goşant goşýan döwletleriň hatarynda durýar. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň maksatly ekologiýa Strategiýasyny taýýarlamak, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini, «Halkara ekologiýa başlangyjyny» döretmek hakynda aýdan teklipleri hem aýdyň tassyklaýar. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolan bu teklipler Gahryman Arkadagymyzyň tutuş adamzat bähbitli, öňdengörüjilikli başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň has-da işjeň dowam etdirýändiginiň, olaryň üstüni ýetirýändiginiň anyk mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde BMG tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara Ylalaşygynyň, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerinde, maslahatlarynda olar tarapyndan birnäçe Ylalaşyklaryň kabul edilendigini ýatlamak ýerliklidir.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň onlarçasyna gatnaşýar hem-de olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikli iş alyp barýar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly ençeme abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny hem barha ösdürýändigini aýtmak gerek.
Şeýle giň möçberli halkara hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri berýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen bilelikde taýýarlan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň esasynda ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet-tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini görkezmek bolar. Şeýle hem 2023-nji ýylyň ahyrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen maslahatynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we onuň şertlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny yglan etmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken waka öwrüldi.
Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak ugrunda ýurdumyzyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň, maksatnamalaryň, taslamalaryň hem düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagyny üpjün edýändigini nygtamak zerurdyr. Bu babatda «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» we beýleki möhüm resminamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetini aýratyn belläp geçmek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň doly berjaý edilmegi bilen amala aşyrylmagy barada derwaýys çäreler görülýär. Olaryň berýän netijeleriniň bolsa degişli halkara guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygyna delil hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodynyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamalaryna eýe bolmagyny, Arkadag şäheriniň «Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagyny agzamak mümkin.