Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara gatnaşyklary babatda baky Bitaraplyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alnyp, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ýurtlaryň bähbitlerine we hukuklaryna hormat goýmak türkmen diplomatiýasynyň daşary syýasat strategiýasynyň binýatlyk ýörelgeleridir. Bu ýörelgeler Bitarap Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary babatdaky strategiýasynda hem esasy çelgi bolup hyzmat edýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we eksport mümkinçiliklerini aýdyň şöhlelendirýär. Bu halkara forum halkara ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde hem möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletimiz ygtybarly we strategik hyzmatdaş bolup, dünýä döwletleri bilen ýola goýýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň netijesinde häzirki wagta çenli giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berlendigini agzap geçmek bolar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisindäki çykyşynda: «Durmuşa geçirilýän bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder» diýlip, aýratyn nygtalyp geçilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyndaky çykyşynda: «Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, ilkinji nobatda, ykdysadyýetde durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň ýokary ösüş depginini üpjün etdi. Bu ýagdaý, şeýle hem baý tebigy serişdeler, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, yzygiderli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasatymyz bähbitli maýa goýumlar üçin giň mümkinçilikleri açýar» diýip, nygtap geçişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, netijeli ykdysady-söwda hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda ägirt uly mümkinçilige eýedir.
Berkarar döwletimiziň daşary söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatdaky tagallalary sebitde kämil ulag-logistika ulgamyny döretmek ýaly oňyn başlangyçlar bilen utgaşýar. Bu babatda häzirki wagtda sebit we dünýä ähmiýetli iri ulag-aragatnaşyk taslamalary durmuşa geçirilýär.