Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly gymmatly eseriniň tanyşdyrylyş dabaralary, maslahatlar ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem uly ruhubelentlige beslenýär.
Daşoguz şäher häkimliginiň guramagynda edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden täze kitabynyň many-mazmunyny, çeperçilik gymmatyny, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijilik mirasyny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakdaky ornuny beýan etmek, wagyz etmek babatda uly ähmiýete eýe boldy.
Welaýat kitaphanasynda guralan dabarada ajaýyp eserdäki milli gymmatlyklarymyz, ynsanperwer ýörelgelerimiz baradaky düşünjeleri ýaş nesillere ýetirmegiň, olarda watançylyk, belent ruhy we ahlak sypatlary terbiýelemegiň gymmaty nygtaldy.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň çuň many-mazmuny, çeperçilik ähmiýeti barada hem-de her bir ynsanyň ýankitabyna öwrülendigi dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Türkmeniň görnükli söz ussadynyň eserleriniň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda hem uly orun eýeleýändigini beýan edýän bu ajaýyp kitapdaky bölümler pähim-parasada eýlenen jümlelerden ybarat bolup, onda merdana halkymyzyň taryhy, milli mirasymyzyň gymmatlyklarynyň ähmiýeti çeper beýan edilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde geçen şanly ýylymyzda halkara derejesinde geçirilen çäreleriň ähmiýeti barada hem giňişleýin nygtalyp geçilýär. Dabarada çykyş edenler bular dogrusynda hem giňişleýin gürrüň etdiler.