Dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär

Jemgyýet
16.07.2024  294

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýrugyna laýyklykda, 15-nji iýuldan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.

Bu işlere Daşoguz welaýatynda hem guramaçylykly badalga berildi. Möwsümiň dowamynda bagtyýar ýaşlar öz saýlan hünärleri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrarlar. Resminamalary kabul etmek 15 — 28-nji iýuly aralygynda geçiriler. 

2024-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Tertibine laýyklykda, Daşoguz şäherindäki 7-25-28-nji orta mekdeplerde, welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde, Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalary kabul etmek işleri geçirilýär. Möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin bu ýerlerde ähli şertler we mümkinçilikler döredildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
01.10.2025   29
Jemgyýet Bol suw — bereketli hasyl
22.01.2025   182
Jemgyýet Adamzadyň parahatçylyk ýörelgesi
01.03.2025   191
Jemgyýet Kämilligiň gözbaşy
05.11.2025   15
Jemgyýet Dabaraly maslahat
20.08.2024   227
Jemgyýet Bilim ýoly — bagt ýoly
30.08.2025   92
Jemgyýet Bilim işgärleriniň awgust maslahaty
23.08.2024   285
image