Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu ugurda Daşoguz welaýatynda hem degişli işler talabalaýyk alnyp barylýar.
Şu mynasybetli golaýda Şabat etrabynyň medeniýet merkezinde ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden etrap halk maslahatynyň agzalarynyň ýerine hödürlenilen dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda etrapda döredilen iki sany okrug boýunça hasaba alnan dört dalaşgär öz maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Dalaşgärler ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň barha ilerleýändigi, ony mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, halkyň abadan we bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine gönükdirilen işlere özleriniň önjeýli goşantlaryny goşmakda bilimlerini, tejribelerini, başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Ýurdumyzda milli demokratiýanyň hem-de halk häkimiýetiniň dabaralandyrylmagy ugrunda yzygider aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Soňra gün tertibine laýyklykda, dalaşgärler bilen saýlawçylaryň arasynda sowal-jogap alşyldy.