Dalaşgär — 2026
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Dalaşgär — 2026

Jemgyýet
14.07.2026  157

Resminamalar kabul edilip başlandy

Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işine resmi taýdan badalga berildi. Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna hem-de şu institutyň özüne okuwa girmek isleýän dalaşgärler resminamalaryny tabşyryp başladylar. Resminamalaryň kabul edilýän bilim ojagynda ýörite maglumat tagtalary gurnalyp, olarda okuwa kabul etmegiň tertibi, talap edilýän resminamalaryň sanawy hem-de okuw ugurlary baradaky maglumatlar aýdyň we düşnükli görnüşde ýerleşdirilipdir. Kabul ediş toparynyň agzalary — tejribeli mugallymlar hem-de hünärmenler dalaşgärleri mähirli garşylap, resminamalaryň dogry doldurylmagy we degişli ugurlar boýunça resminamalaryň tabşyrylyşy babatda ýakyndan kömek berýärler. Bu bolsa işiň bökdençsiz, çalt we guramaçylykly alnyp barylmagyny üpjün edýär.

Bu ýerde kabul ediş toparyna resminamalaryny tabşyrmaga gelýän ýaşlaryň ýüzlerinde uly tolgunma we geljege bolan ynam aýdyň görünýär. Olar öz ýüreklerinde beslän hünärleri boýunça resminamalaryny tabşyryp, durmuşyň täze bir tapgyryna gadam basýarlar.

Welaýatyň ýaşlarynyň arasynda ykdysadyýet, oba hojalygy, mugallymçylyk, lukmançylyk we sanly tehnologiýalar ýaly döwrebap ugurlara bolan gyzyklanma örän ýokary.

Resminamalary kabul etmek işleri tamamlanandan soňra, tassyklanan tertibe laýyklykda, giriş synaglary başlanar. Bu synaglar ýaşlaryň orta mekdepde alan bilimlerini, zehinlerini, saýlap alan ugruna bolan ukyplaryny aýan etmäge mümkinçilik berer. Synaglaryň doly açyk, aýdyňlyk we adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirilmegi üçin ähli zerur çäreler görler.

Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleriniň kämil eýeleri bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Ak mermerli bilim ojaklaryna tarap ilkinji ynamly ädimlerini ädýän ähli dalaşgärlere öňde duran giriş synaglarynda şowlulyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Suwda seresap bolmaly
24.06.2025   285
Jemgyýet Tizlikden ruhlanýan türgen
13.08.2024   368
Jemgyýet Işjeňligiň belent nusgasy
21.08.2025   212
Jemgyýet Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly
18.09.2025   193
Jemgyýet Sadyr
03.11.2025   237
Jemgyýet Täze wezipeler kesgitlenildi
16.01.2026   141
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat
26.12.2024   358
image