Dabarasy dünýä dolan Watanym
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Dabarasy dünýä dolan Watanym

Jemgyýet
26.06.2024  228

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pähim-parasadyndan we egsilmez yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň uly ruhubelentlik we şatlyk-şowhun bilen dowam edýän günlerinde güneşli Diýarymyzyň çar künjegi baýramçylyk dabaralary, maslahatlardyr aýdym-sazly çäreler bilen gurşaldy.

Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat we şäher bölümleriniň guramagynda «Milli medeniýetim — milli sungatym» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmeklige uly üns berilýändigi, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyny düýpli öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada buýsanç bilen nygtadylar. Soňra bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde şirin aýdymlar belentden ýaňlandy, dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Dabaranyň ahyrynda medeniýet we sungat işgärlerine TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

***

TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Maral» toý mekanynda «Kalpda ylham, dilde joşgun, asuda Watan bagtyýar, Arkadagly Gahryman Serdar bilen milli medeniýet galkynýar» atly şygar bilen aýdym-sazly dabara geçirildi.

Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen joşgunly tanslarda we medeni çykyşlarda täze taryhy döwrümiziň, güneşli Diýarymyzyň waspy öz beýanyny tapdy, beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly has-da dabaralandyryldy. Tans toparlarynyň çykyşlary aýdym-sazly dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Milli medeniýetimiziň baý öwüşginlerini özünde jemlän medeni çykyşlarda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň ýürek joşguny öz beýanyny tapdy.

***

Daşoguz welaýat kitaphanasynda Daşoguz welaýat häkimliginiň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Ylham joşguny» atly media forum geçirildi. Oňa žurnalistler we ýaş şahyrlar gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli welaýatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli dabaralaryň dowamy dörediji ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen forumyň mazmuny bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi.

Forumda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlara joşgun, egsilmez ylham bagyşlaýandygy dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi. Ýaşlaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň döredijilik bilen meşgullanmaklary, hemmetaraplaýyn kämilleşmekleri babatda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, halypa ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem ajaýyp döwrümizden ylhamly ýaşlaryň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden şygyrlaryndan guralan çeper okaýyşlar has-da täsirli boldy.

Forumyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň  nusgalyk kitaplarynyň, şonuň ýaly-da  Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, ata Watanymyzyň taryhyna, halkymyzyň medeniýetine, sungatyna hem-de edebiýatyna bagyşlanan kitaplaryň sergisi uly gyzyklanma döretdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagtlaryny hoş geçirýärler
10.06.2024   199
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
20.12.2024   135
Jemgyýet Şöhraty jahana dolan Pyragy
18.12.2024   141
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
24.05.2025   82
Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   175
Jemgyýet Milli ýörelgeler — ýaşlara görelde
20.06.2024   220
Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   204
image