Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni has-da dabaralandyrmak bilen, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we Bitaraplyk hukuk derejesiniň taryhy-syýasy ähmiýetini, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň gadyr-gymmatyny äleme äşgär etdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyran şanly ýylda bolup geçen taryhy-syýasy ähmiýetli wakalar, umumadamzat ähmiýetli forumlardyr maslahatlar berkarar döwletimiziň halkara abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Ajaýyp döwrümizde amala aşyrylýan ägirt uly işler bagtyýarlygyň, abadançylygyň goýnunda ýaşaýan bagtyýar ilimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar.
Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýokary derejeli halkara forum berkarar döwletimiziň hoşniýetli daşary syýasatynyň we parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dünýäde möhüm ähmiýete eýediginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy berkitmegiň we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň bähbidine öňe sürýän dialogy dünýä döwletleriniň ählumumy ösüş ugrundaky tagallalaryny ilerletmäge ýardam berýär.
Halkara forumda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda öňe sürlen pikirlerdir teklipleriň foruma gatnaşyjylaryň uly goldawyna eýe bolmagy häzirki döwrüň çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlarynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesine möhüm orun degişlidiginden habar berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp kitabynda: «XXI asyryň täze halkara düzgünleriniň kemala gelýän şertlerinde Bitaraplyk syýasatynyň häzirki wagtdaky ähmiýeti has-da artýar» diýlip, aýratyn nygtalýar.
Dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekilýetleriniň gatnaşmagynda geçen halkara forumyň dowamynda edilen çykyşlarda hem türkmen Bitaraplygynyň häzirki döwürde parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýadydygy hakyndaky hakykat öz beýanyny tapdy.
Bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
* * *
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guralan «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat hem dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.
Forum häzirki döwürde zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň möhüm ähmiýete eýedigine ýene-de bir gezek üns çekdi. Halkara maslahata dünýäniň ençeme döwletleriniň ýokary wezipeli ýolbaşçylary, parlament wekilleri, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasy bütin dünýäde gender deňliginiň berkarar edilmegi, häzirki zaman zenanlarynyň döwlet we jemgyýetçilik işine işjeň goşulyşmagy we her bir ugurda öňdebaryjylyk görkezmekleri üçin oňyn şertleri döretmek ugrunda Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ilerledýändigini alamatlandyrdy.