TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda birleşmäniň Daşoguz şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen maslahata birleşmäniň jogapkär işgärleri, pudaklaýyn geňeşlikleriň, KAIG-niň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ajaýyp ýylymyzy bezeýän ýyndamlygy, ynsana hamraklygy bilen taryhda mynasyp orun alan türkmen bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjydygy, hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bedew atlarymyzyň sarpasynyň belende göterilip, dünýä içre at-owazasynyň ýaň salýandygy barada buýsanç bilen bellediler. Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň hem Watanymyzyň ösüşleriniň bedew atlarymyzyň tizligine deňelmegi bilen birlikde, olara goýulýan belent sarpanyň nyşanydygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bolsa Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň ýylyň ähmiýetli wakalarynyň hataryny has-da artdyrjakdygy nygtaldy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, gadyr-gymmaty, onuň halkymyza beren ajaýyp miweleri barada täsirli söhbet edildi.
Dabaranyň dowamy Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary bilen utgaşdy.