Dabaraly maslahat geçirildi
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Dabaraly maslahat geçirildi

Jemgyýet
05.09.2025  176

Golaýda döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň TGM-niň hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halkyň bähbidine» atly maslahat geçirildi. Harby mekdepde geçirilen maslahata onuň işgärleridir okuwçylary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda TGM-niň hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiniň müdiri Döwlet Berdiýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, mährem ene Sona Galandarowa, döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Näzik Ýusupowa dagy çykyş edip, bedew batly ösüşlere beslenýän mähriban Watanymyzyň goýnunda halkyň bagtyýar, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan uly tutumly, döwletli işler babatda buýsanç bilen belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň ajaýyp döwrümizde giňden dabaralanýandygyny nygtadylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kadalary berjaý etmek möhümdir
08.07.2024   364
Jemgyýet Dil bilmek — kämillik
15.03.2024   400
Jemgyýet Asyra ulaşan ömür
21.10.2024   348
Jemgyýet Döwrebap merkezde sapaly dynç alyş
05.06.2025   238
Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   19
Jemgyýet Ýol abat – il abat
04.09.2024   343
image