Dabaraly maslahat
weather dashoguz 8° C Daşoguz

Dabaraly maslahat

Jemgyýet
09.02.2026  34

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda «Dünýä çykdy bu gün türkmeniň ady, bedew batly ösüşleriň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Birleşmäniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Jumagül Hojaýewa, Haltäç Bäşimowa, guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, KA-nyň işjeň agzalary, Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginiň enjamlary arassalaýjysy Bahar Orazowa, Daşoguz welaýat häkimliginiň gurluşyk önümçilik üpjünçiligi kärhanasynyň hünärmeni Serdar Miriýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda her ýyly mynasyp atlandyrmagyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigi, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýyly bolan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň bedewe wepaly gardaş, syrdaş dost hökmünde garalýan eziz Diýarymyzda her bir tutumly maksatlaryň myrat tapjakdygyna bolan berk ynamy şöhlelendirýändigini nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda il-ýurt bähbitli beýik işleriň, ýurdumyzyň parahatçylyga we dost-doganlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň bedew bady bilen älem içre dabaralanjakdygy uly buýsanç bilen bellenildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk konserti
13.12.2025   69
Jemgyýet Ýokary guramaçylyk derejesinde
11.03.2026   15
Jemgyýet Parahatlygyň we asudalygyň kepili
04.12.2025   75
Jemgyýet «Ýaňlan, Diýarym!»
08.08.2024   316
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat
26.12.2024   259
Jemgyýet «Talyp joşguny» bäsleşigi geçirildi
07.12.2024   263
image