Dabaraly maslahat
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Dabaraly maslahat

Jemgyýet
10.11.2025  100

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher häkimliginiň, şäheriň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasaty: parahatçylygyň, asudalygyň we gülläp ösüşiň nusgalyk ýoly» atly şygar bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar, il sylagly ýaşulular we mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurdumyzyň döwlet syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, baky Bitaraplygymyzyň esasynda alnyp barylýan daşary syýasatyň dünýä jemgyýetçiligindäki gymmaty dogrusynda uly buýsanç bilen söhbet edildi.

Tanymal bagşylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň ajaýyp aýdymlarynda bolsa, beýgelýän döwletimiziň hem bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşynyň waspy ýetirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   191
Jemgyýet Haýyr-sahawatlylygyň baýramy
06.06.2025   214
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   276
Jemgyýet Döwletiň mizemez hukuk binýady
11.09.2025   134
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry
31.10.2024   353
Jemgyýet Dil bilen açylýar dünýäniň ýüzi
30.09.2024   316
Jemgyýet Dabaraly maslahat
13.02.2025   254
Jemgyýet Watanymyzyň gymmatly ýörelgesi
31.10.2025   103
image