Golaýda TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň meýilnamasynyň» durmuşa geçirilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. «Ýurdumyzyň ösüşlerinde zenanlaryň orny» atly şygar bilen geçirilen maslahata mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň ähli pudaklarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda guralan çykyşlarda ýurdumyzda gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, döwlet durmuşynda zenanlaryň ornuna çuňňur baha berilýändigi, olaryň işjeňligini artdyrmak ugrunda tagallalaryň edilýändigi dogrusynda buýsançly sözler aýdyldy. Ýaňy-ýakynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäklerinde bu ugurda ýörite zenan ýolbaşçylaryň maslahatynyň geçirilip, onda zenanlaryň mümkinçiligini mundan beýläk hem artdyrmak babatda öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň gender deňligi babatdaky işleri has-da çuňlaşdyrmakda möhüm ädime eýe bolup durýandygy bellenildi.