Dabaraly maslahat
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Dabaraly maslahat

Jemgyýet
19.07.2025  161

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen» atly şygar bilen, golaýda TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Oňa agrar partiýanyň, demokratik partiýanyň, kärdeşler arkalaşygynyň, ýaşlar guramasynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda buýsançly şygar bilen dabaralandyrylýan şu ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň döwlet syýasatymyzyň ähli ugurlaryny rowaçlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýandygy barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Halkymyz hem dünýä jemgyýetçiligi üçin amala aşyrylýan beýik işleriň dost-doganlygy, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýandygy, ykdysady ösüşi berkidýändigi, hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan daşary syýasatymyzyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýandygy nygtaldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ylym-bilime giň ýol
20.12.2025   113
Jemgyýet Gülleri görkana, elleri çeper
04.07.2024   361
Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   341
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   100
Jemgyýet Joşguna beslenen dabara
25.06.2025   215
Jemgyýet Kümüşden dokalan nepislik
06.04.2026   21
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   484
image