Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli golaýda Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi.
Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň şäher komitetiniň, welaýat Döwlet arhiwiniň hem-de şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda geçen maslahata jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Baýramçylyga bagyşlanan maslahatyň dowamynda guralan çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp pursatlarynda bellenilýän şanly senäniň şu ýylda baý many-mazmuna eýedigi, çünki ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny berkitmekde türkmen diplomatiýasynyň aýratyn ornunyň bardygy, milli hem halkara derejesinde buýsançly şygar bilen dabaralandyrylýan ýylda döwletimiziň oňyn daşary syýasatynyň üstünliklerini açyp görkezjek wakalaryň giňden ýaýyljakdygy barada täsirli gürrüň edildi.
Şäher medeniýet merkeziniň baýramçylyk çykyşlary dabaranyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.