Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy mynasybetli TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Garaşsyzlyk ýyllarynyň beýik ösüşleriniň dowamaty» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ony TKA-nyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň welaýat gümrükhanasy hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirligi bilelikde guradylar.
Maslahatyň dowamynda guralan çykyşlarda örän gysga döwrüň içinde ýetilen belent sepgitler, döwlet Garaşsyzlygymyzyň saýasynda gazanylan üstünlikler, halkymyzyň milli hem medeni gymmatlyklaryny giňden ýaýmakda amala aşyrylan işler dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasyny düzýän gymmatlyklaryň bu günki gün milletimizi ýetiren derejesi barada nygtalyp geçildi.