Dabaraly duşuşyk
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Dabaraly duşuşyk

Jemgyýet
12.02.2023  328

«Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir» ady bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen duşuşyga mekdebiň talyp ýaşlary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Dabaraly duşuşykda çykyşlara uly orun berildi. Onda şanly ýylymyzyň turuwbaşdan taryhy ähmiýetli ýatda galyjy wakalara beslenýändigi, ylaýta-da, ýaş nesliň okamagy, gurmagy, döretmegi ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler dogrusynda, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň ähmiýeti, ýagny ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, halal zähmet çekmäge ruhlandyrmakda uly gymmata eýedigi nygtalyp geçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew ýylynyň ýorgudy
27.12.2025   163
Jemgyýet At-owazy giň jahana ýaýramyş
08.02.2025   301
Jemgyýet Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar
11.08.2025   161
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   314
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
30.07.2025   149
image