Ata-babalarymyzyň «Düýe maly — dünýe maly» diýmegi ýöne ýere däl bolsa gerek. Sebäbi taryhymyza ser salsak, düýeleriň adamzat üçin örän möhüm iş şertlerinde ulanylandygyna göz ýetirýäris. Olar söwda gatnawlarynda, oba hojalygynda giňden peýdalanylypdyr. Gadymda gelinler düýe kejebesinde getirilipdir. Düýäniň süýdi dürli keselleri bejermek üçin berhizlik serişde hökmünde ulanylypdyr, häzirki wagtda hem düýe süýdünden giňden peýdalanylýar. Gadym Beýik Ýüpek ýoluny hem düýesiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol döwürde söwdagärler argyşa gidenlerinde düýelerden kerwen gurap, ençeme menzil ýollar söküp, söwda ulgamynyň ösmegine öz goşantlaryny goşupdyrlar. Şu sebäpli hem düýeler, olaryň beden gurluşy, yssa we sowuga çydamlylygy barada gyzyklanyp, toplanan maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.
Düýäni aýratyn jandar hökmünde görkezýän zat, bu onuň iň agyr şertlerdenem täsirlenmeýän beden gurluşydyr. Düýäniň beden gurluşy şeýle bir täsin bolmak bilen, ol açlyga we suwsuzlyga ençeme günläp çydamly hem-de üstünde ýüzlerçe kilograma çenli agramly ýüki bilen birnäçe günläp ýol ýöräp bilýär.
Düýäniň agyz we dodak gurluşy ýiti tikenli ösümlikleri aňsatlyk bilen çeýnemäge mümkinçilik berýär. Aşgazany we iýmit siňdiriş ulgamy islendik zady siňdirip biljek derejede güýçli bolup, bu aýratynlyk oňa gurak we yssy howa şertlerinde ýaşamak üçin zerurdyr.
Düýäniň gözleri iki hatar kirpik bilen gurşalandyr. Kirpikler gapan ýaly biri-biriniň içinden geçýän şekilde ýerleşen bolup, düýäniň gözüni güýçli çäge we gum syrgynlaryndan goraýarlar.
Düýäniň burny köp sanly köklere bölünen kanallardan emele gelendir. Gurak we yssy howada çygyň mukdary az bolýar. Şu sebäpli düýäniň dem alýan howasynyň çyglylygyny ýitirmezligi zerurdyr. Muňa bolsa onuň örän uly, öwrümli, çygy özüne siňdirip bilýän aýratynlygy bolan örtük bilen örtülen burny ýardam berýär. Ýagny örtük howadaky çygyň 66 göterimini saklap bilýär. Düýe burnunyň bu aýratynlygy bolsa, çölüň 40 derejeden hem ýokary bolýan yssy howasyny 20 derejä çenli peseldip, düýäniň yssy howada salkyn dem almagyna ýardam berýär. Düýe burnunyň ýene-de bir täsin aýratynlygy, güýçli çäge we gum syrgynlary netijesinde howadaky çägäniň we gumuň burnuna girmezligi üçin, edil gözlerini ýumuşy ýaly, burnuny hem ýapyp bilýänligidir.
Düýäniň bütin bedenini gurşap alan gür tüýleri çölüň ýakyp-ýandyryjy yssysynyň derisine aralaşmagynyň öňüni alýar. Şol bir wagtyň özünde bolsa, sowukdan goranmaga hem ýardam berýär. Çöl düýeleri 70 derejä çenli yssy howada, goşa örküçli düýeler bolsa 52 derejä çenli sowuk howada ýaşap bilýärler.
Düýäniň aýaklarynyň uzyn bolşy ýaly, ýere basýan penjeleri hem giň, ýaýbaň görnüşde bolup, çägä, guma batman ýöräp bilmegine ýardam berýär. Dabanlarynyň aýratyn galyň deri bilen örtülendigi bolsa, aýagynyň gyzmazlygyna kömek edýär.
Düýeleriň agyr howa şertlerinde ýaşap bilmekleri üçin iň esasy serişde olaryň örküçleridir. Düýäniň örküjinde beden agramynyň bäşden bir bölegi möçberinde ýag bolýar. Ýagyň bedeniň belli bir ýerinde ýygnanmagy bedendäki suwuklygynyň azalmazlygyna, şeýlelikde, beden suwuklygynyň tygşytlanmagyna öz täsirini ýetirýär.