«Çeperiň» ilhalar önümleri
weather dashoguz 16° C Daşoguz

«Çeperiň» ilhalar önümleri

Ykdysadyýet
31.01.2025  298

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde çeper elli gelin-gyzlaryň gaýratly zähmetleriniň netijesinde köp görnüşli, ýokary hilli tikin önümleri öndürilýär. Şonda bu babatda bellenilen meýilnamalaryň yzygiderli hem-de artygy bilen ýerine ýetirilýändigi-de bellärliklidir.

Kärhananyň baş ykdysatçysy Sonagül Meredowanyň aýdyşy ýaly, geçen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler gazanylypdyr. Has anygy, şol ýylyň dowamynda 20 million 650 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, bu baradaky meýilnama 123,7 göterim hötde gelnipdir. Bu netije kärhananyň agzybir işgärleriniň ýadawsyz zähmet çekendiklerini aňladýar.

Ýeri gelende, şeýle üstünlige eýe bolunmagyna saldamly goşant goşan çeper elli tikinçileriň käbiriniň atlaryny agzamak artykmaç bolmaz. Olardan  Aýbibi Hudaýşükürowa, Umyda Abdyllaýewa, Jahan Mämmedowa, Firuza Bekjanowa, Swetlana Babajanowa, Aýbäbek Annageldiýewa dagynyň we beýleki ökde tikinçileriň ellerinden çykýan önümleriň görnüşleriniň köp bolşy ýaly, hili-de häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Häzirki wagtda kärhanada tikin önümleriniň 200-e golaý görnüşi öndürilip, şertnamalaryň esasynda degişli ýerlere ugradylýar. Olaryň arasynda gurluşyk, senagat, oba hojalyk, saglygy goraýyş, bilim we beýleki pudaklarda zähmet çekýän adamlara, şonuň ýaly-da harby gullukçylara, talyplara, okuwçy ýaşlara niýetlenen egin-eşikler, hassahanalar, saglyk merkezleri üçin ýorgan-düşekler, başga-da şuňa meňzeş tikin önümleri bar. Önümleriň taýýarlanylyşynda her bir möwsümiň, iş şertleriniň, howa ýagdaýlarynyň, kär-hünär aýratynlyklarynyň nazara alynmagy, olaryň köpüň göwnünden turmagyna ýardam berýär.

Kärhanada 200-e golaý adam zähmet çekip, olaryň esasy bölegi gelin-gyzlardan ybaratdyr. Soňky ýyllarda bu ýerde işlemäge isleg bildirýän ýaşlaryň has-da artandygyny bellemek gerek. Şunlukda, olaryň öz wagtynda halypa, ussat tikinçilere berkidilip, ýokary talaplaryň derejesinde hünär öwrenmeklerine, işiň zerur tärlerini pugta ele almaklaryna şert döredilýär. Şu günlerde-de bu ýörelgäniň işjeň amala aşyrylmagy önümçiligiň netijeli bolmagyna öz täsirini ýetirýär.

Uly ruhubelentlik bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent sepgitlerine tarap gadam goýan kärhananyň ezber tikinçileriniň onuň ilkinji aýynda gazanýan netijeleri-de guwandyrýar.Çünki olar özleri üçin döredilen iş, dynç alyş şertlerinden peýdalanyp, öndürijilikli zähmet çekmek bilen, gündelik tabşyryklaryň birkemsiz ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler. Bu bolsa olaryň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda belent maksatlaryň öňde goýulýan şu ýylynda-da halkymyza täze hem-de köp görnüşli tikin önümlerini hödürläp, has uly üstünliklere eýe boljakdyklaryndan habar berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gözel tebigatyň goragynda
27.07.2024   366
Ykdysadyýet Belent sepgitleriň gözbaşy
12.03.2025   312
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk
15.05.2024   376
Ykdysadyýet Tebigat
03.01.2025   371
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   296
Ykdysadyýet Şaly oragy ýokary depginde
07.11.2024   358
Ykdysadyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15.11.2024   304
Ykdysadyýet Suw bolçulygyna goşant
29.08.2024   336
image