Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde çeper elli, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşantlaryny goşýan, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşigine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden keçe senetçiligi bilen meşgullanýan zenanlar gatnaşdylar.
Döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Akmaral Işanberdiýewa bilen etrabyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Guýulyk oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Nurgül Tuwakowa işjeň çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijileri ony guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.