Çeper elli zenan
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Çeper elli zenan

Jemgyýet
25.09.2026  50

Ene-mamalarymyzyň sünnäläp döreden, sungat derejesine ýetiren el işleri milli öwüşginde kämilleşdirilip, döwrebaplaşdyrylyp, ýaş nesillere öwretmek arkaly dowam etdirilýär. Bu asylly işler halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ähmiýet berilmegi bilen amal bolýar. Şonuň netijesinde bolsa, geçmişimiziň şaýady bolan milli gymmatlyklarymyz täzeden dikeldýär. Bu babatda ene-mamalarymyzyň milli ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän çeper elli zenanlarymyzyň el işleri öz gymmaty bilen aýratyn tapawutlanýar. Olaryň sünnäli işleriniň köpugurly ýagdaýda ýaşlara ýakyndan öwredilmegi milletimiziň geçmişini, şu gününi, geljegini bir maksadyň mazmunynda birleşdirýär.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Watan geňeşligindäki Watan oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Gurbansoltan Döwletowa hem asylly zähmeti bilen çeper elli zenanlaryň hatarynda uly hormatdan peýdalanýar. Onuň düýe ýüňünden taýýarlaýan milli egin-eşikleri göze gelüwliligi, nepisligi, zybalygy bilen tapawutlanýar. Çeper elli zenan el işlerini ýerine ýetirişi barada şeýle gürrüňberýär:

— Pederlerimiz «Düýe maly — dünýe maly» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Düýe malynyň süýt önümleriniň müň derde derman bolşy ýaly, ýüňüniň hem ynsan saglygy üçin ähmiýeti örän uludyr. Bu irginsiz hem inçe iş maňa ýaşlygymdan hemra boldy. Mähriban käbämiň keşde gaýamak bilen birlikde, düýe ýüňüni darap, bejerip, ondan tikilýän lybaslaryň ýerligini dokap, agar çäkmen tikişi, saçakdyr alajalar örüp, ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetiren gymmatlygyna yhlas edişi maňa hem öz täsirini ýetirdi. Ejemden öwrenenlerim milli gymmatlyklarymyzy sungat derejesine ýetirmekde maňa ýardam berýär. Zenanlar üçin tikýän ýeňsizdir donlarym, erkekler üçin taýýarlaýan çäkmenlerim, saçakdyr ýantorbalarym, alajalarym aglaba düýe ýüňündendir.

Bir tarapdan çarwaçylyk bilen meşgullanýandygymyz üçin hem düýe ýüňi hemişe diýen ýaly «elimiziň aşagynda» bolardy. Düýe ýüňüniň aýratyn tapawutlylygy, düýäniň arka, boýun tarapyndan ýüňüni eliň bilen sypalap almakdadyr. Ýüň ýuwulmaýar hem-de boýalmaýar. Düýe malynyň özi halal hem keramatly saýylýar.

Ýylyň aprel, maý aýlarynda düýeleriň ýüňi alynýar. Soňra ýüňüň içindäki käýarym artykmaç gyllaryny aýryp, arassalap, düýdülýär we ýörite ýüň darak bilen daralýar. Pişgeläp, has mäkäm bolar ýaly süýt çalyp egrilýär. Ondan soň kelepläp uly gazana salyp, düýbüne bir gysym arpa ýa-da dary atyp, batar-batmaz suwuň içinde biraz gaýnadylýar, soň ýele, Güne serip, gowy şemalladyp guradylýar. Guran kelepler ýumaklanýar. Soňra ýere ýörite kakylan üç sany gazykda agaçdan ýasalan gylyç bilen kakylyp, çäkmenlik, çabytlyk, saçaklyk, ýantorbalyk matalar dokalýar. Düýe ýüňünden dokalan matalardan ýaşuly adamlara agar çäkmenler tikilýär. Agar çäkmenler iki dürli bolýar, ýagny irimçik we inçe çäkmenler. Inçesiniň ýerligi has syk dokalýar. Olary ýaşulular toý-märekelerde geýýärler. Irimçik görnüşi öýde, gündelik geýmek üçin taýýarlanýar. Bular tomsuň yssysyndan, gyşyň sowugyndan hem goraýar. Halk arasynda şeýle bir gowy aýtgy bar: «Atyma nowa, özüme gowa», ýagny uzak ýola gidilende ýaşulular guýularyň başynda atlaryny suwa ýakmak üçin ýeri gazyp, oýulan ýere-de çäkmenlerini ýazyp, atlaryny suwa ýakypdyrlar. Ony zerurlykda hem ulanypdyrlar. Bu diýildigi düýe ýüňünden dokalan çäkmenleriň syklygyny aňladýar.

Şeýle asylly hem nepis işler bilen öz hünärimiň daşyndan içgin gyzyklanmagym we taýýarlaýan el işlerim bilen ildeşlerimi begendirmegim yhlasymy, höwesimi artdyrýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hoş geldiň sen, Täze ýyl!
08.01.2025   584
Jemgyýet Watanyň bagtyýar nesilleri
24.05.2024   476
Jemgyýet «Bagtyýar nesilde» bagtyýar çagalar
25.06.2026   138
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
06.01.2025   414
Jemgyýet Röwşen geljege aýdyň ýol
19.08.2024   432
Jemgyýet Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
17.01.2025   451
Jemgyýet Anyk wezipelerden ugur alnyp
05.09.2025   277
image