Çeper elli zenan
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Çeper elli zenan

Jemgyýet
08.10.2025  33

Eli çeper ene-mamalarymyzyň sünnäläp, sungat derejesine ýetiren el işleriniň önümi bolan milli lybaslarymyzyň, nagyşlarymyzyň, halydyr palaslarymyzyň, keçelerimiziň gadyr-gymmaty häzirki ajaýyp döwrümizde has-da artýar. Olary ýaş nesle öwretmekde, wagyz etmekde halypa-şägirtlik ýolunyň orny örän uludyr. «Ata kesbi — ogla halal» diýlip ýöne ýere aýdylmandyr. Sebäbi, köplenç, çagalykdan ata-enesiniň göreldesine eýerip önüp-ösen perzentler olaryň zähmet ýollaryny-da dowam edýärler. Gürrüňini etmekçi bolýan Ogulnabat daýzamyzyň ykbaly hem şeýle. Heniz 5-6 ýaşlyja Ogulnabat mähriban käbesiniň el işlerini, edim-goýumlaryny birjigem gözden sypdyrmaýar. Käbir adamlaryň ýatkeşligi ýiti bolýar. Ogulnabat daýza hem şeýle ynsanlardan. Onuň 76 güýzi arka atandygyna garamazdan, çagalyk ýyllarynyň ýatlamalaryna gulak gereniňde haýran galaýmaly. Nurana ýüzi gülüp duran zenanyň söz baýlygy hem özüne ýetik. Şonuň üçin Ogulnabat daýza bilen gürrüňdeş bolmaklyk has-da ýakymly. Onuň gürrüňleri alyslara alyp gitse-de, edil kino lentasy ýaly göz öňüňde janlanýar.

— Tanymal bagşymyz Magtymguly Garlyýewiň adyny göterýän oba meniň dogduk mekanym. Bagşy aga bilen goňşy oturardyk. Biz bagşy aga «baba» diýip ýüzlenerdik. Ejem obanyň ökde tikinçisi bolansoň, bagşy aganyň geýýän milli egin-eşiklerini tikerdi. Oba adamlary ejemiň tikýän lybaslaryna, bejerýän (çekýän) el keşdelerine, gaýma nagyşlaryna «Edil ýylanyň damagyndan çykan ýaly» diýip, baha bererdiler. Bu dogrudan hem şeýledi. Ýogsam, märekäniň, köpüň öňüne çykyp ýören Çuwal bagşynyň ejemiň tikýän egin-eşiklerine göwni ýetermidi. Ejem maňa çagalygymdan tikin-çatyn işlerini, gaýma gaýap, keşde çekmegi yhlas bilen öwrederdi. Özümiň hem iňňe-sapaga bolan höwesim uludy. O döwürler öýlerde pelteli çyralar ýakylardy. Ol çyranyň ýagtysynda işläp oturan ejemiň çalt-çalt hereket edýän barmaklaryny gözümi gyrpman yzarlardym. «Yhlasa —myrat» diýleni. Ejemiň yhlas edip öwredenleri ýerine düşdi. Mähriban käbämiň ynamyny ödänligime diýseň bagtly duýýaryn — diýip, Ogulnabat daýza durmuşa çykjak gyzlar üçin tikip goýan bukjalaryny görkezdi. Altynsow parça matalardan tikilen bukjalar döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Olaryň gyralaryna alajalar, nagyşlar aýlanyp, gözmonjuklar bilen hem nepis bezelipdir. Elbukja, darak bukja hem-de gyzyň ähli egin-eşiklerini salmaga niýetlenen uly bukjalar nepis tikilen, göze gelüwli görünýär. Ogulnabat daýza öý hojalygynda ulanylýan saçakdyr kendirikleri hem özboluşly, gelşikli tikýän ekeni. Ketenidir parça ýaly matalardan gurnalyp, gyralaryna-da alaja, nagyş aýlanan saçaklar juda owadan.

Bulara, köplenç, täze jaýa göçýänler ýa-da ýaş çatynjalar köp isleg bildirýän eken. Ogulnabat daýzanyň milliligimize ajaýyp döwrüň röwşüni çaýmakda gözýetiminiň giňdigine göz ýetirdik. Ýagny onuň bulardan başga-da, tikip, nagyşlap goýan gyz-gelinlerimiziň göterýän ýantorbalaryna gözümiz düşdi. Olar hem ululy-kiçili, dürli görnüşde bolup, daş ýüzi milli nagyşlarymyz bilen kemsiz bezelipdir. Entegem, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Ogulnabat daýzanyň mugallymlardyr talyp gyzlaryň çabytdyr donlaryny tikip berýändigini görüp, bu käre çyn ýürekden berlendigine ýene bir gezek göz ýetirdik. Ol tikinçilige isleg bildirýän ýaşlara hem bu käri uly höwes bilen öwredýär. Bu hem ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýolunyň barha rowaçlanýandygynyň güwäsidir. Şunlukda, milli mirasymyz  ajaýyp döwrümizde barha kämilleşýär. Iň esasy zatlaryň biri hem, ýaş nesillere ýetirilýär.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   277
Jemgyýet Bitaraplyk — parahatçylygyň binýady
04.10.2025   35
Jemgyýet Awaza dost-doganlygyň mesgeni
29.08.2025   75
Jemgyýet 12-nji iýun — Ylymlar güni
12.06.2025   135
Jemgyýet Gözel tebigatyň goragynda
08.04.2024   269
image