Çeper döredijiligiň halk ussasy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Çeper döredijiligiň halk ussasy

Medeniýet
16.06.2026  49

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň medeniýetiniň täze mazmun bilen baýlaşyp, dünýä ýaýylýan zamanydyr.

Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň agzybir işgärleri bagşy-sazandalaryň aýdymlarydyr sazlaryny, çalan saz gurallaryny, fotosuratlaryny, ses ýazgylaryny hem-de geýen milli egin-eşiklerini toplap, muzeýiň gaznasyny has-da baýlaşdyrýarlar. Mundan başga-da, muzeýde milli senenamada orun alan ähli baýramçylyklara bagyşlanyp sergiler guralýar, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri hem öz işiniň ussady, dutar ussasy Atamyrat Hekimow bilen geçirildi.

Atamyrat Hekimow 1971-nji ýylyň 8-nji awgustynda Garaşsyzlyk etrabynyň Ak altyn geňeşliginde dogulýar. Ol çagalygynda dutar öwrenmäge höwesli bolupdyr. Başlangyç bilimi oba mekdebinde alyp, 1989-njy ýylda Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine okuwa girýär we okaýan döwürleri dutar ussaçylygyna başlaýar. Onuň ilkinji halypasy Minewer halypa bolup, Atamyrat dutar ussaçylygynyň inçe syrlaryny şondan öwrenýär. Soňra Aşgabat şäheriniň Garadamak obasynda ýaşaýan Gara ussa şägirt durýar. Ol ilkinji dutaryny 1997-nji ýylda ýasaýar we Gara ussa görkezýär. Ol hem özüniň düzedişlerini berýär. Şondan soň Gara ussa Atamyrada ak pata berýär. Şondan bäri onuň ýasaýan dutardyr gyjaklary bagşy-sazandalar tarapyndan toý-baýramlarda çalynýar. Atamyrat ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara, medeni-köpçülik çärelerine, sergilere işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda welaýat çagalar sungat mekdebinde dutar mugallymy bolup zähmet çekýär. Ol özüniň sylagly hünäriniň inçe syrlaryny, usul-tärlerini şägirtlerine, okuwçylaryna irginsiz öwredýär. 2025-nji ýylda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Atamyrada «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen at berildi.

Duşuşygyň ahyrynda dutar ussasy özüniň dutar ýasamakda ulanýan gurallaryndan Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýine hem sowgat berdi.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Döwrüň bagtyýar gül-gunçalary
17.03.2026   110
Medeniýet Bagşyçylygyň gadymy ojagy
17.06.2024   508
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   524
Medeniýet Alajalar nagyş hökmünde
09.01.2023   1333
Medeniýet Bir söýginiň kyssasy
19.10.2024   526
Medeniýet Bagşyly il — bagtly il
20.11.2025   216
Medeniýet Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy
26.03.2025   507
image