Çaý
weather dashoguz 6° C Daşoguz

Çaý

Jemgyýet
29.07.2025  262

Çaý adamyň bedenine iňňän ýaramly, saglygyna peýdasy ykrar edilen içgileriň biridir. Onuň düzümi antioksidantlara, witaminlere, minerallara baý bolmak bilen, bedene güýç-kuwwat berip, işjeňligini ýokarlandyrýar, ýadawlygy aýyrýar, alyş-çalyş hadysasyny gowulandyrýar. Şeýle hem ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar, dişleriň çüýremeginiň — kariýesiň öňüni alýar.

Angliýaly alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, yzygiderli çaý içýän çagalarda kariýesiň 60% az duş gelýändigi anyklanylan. Çaý agyz boşlugynda ýakymsyz yslaryň emele gelmeginiň öňüni alýar, gan damarlarynyň diwarlaryny arassalaýar, nerw dartgynlygyny gowşadýar, bagry we böwrekleri zyýanly täsirlerden goraýar. Gök çaý gan basyşyny peseldýär. Ýuwan demlenilen çaý aşgazan-içege ulgamynyň içki nemli bardalaryna oňyn täsir edip, iýmit siňdirişi gowulandyrýar, bedeni Gün şöhlesinden we zyýanly radiasion şöhleleriň täsirinden goraýar. Ol aşgazanyň işiniň bozulmagynda, iýmit zäherlenmesinde, sowuklamada hem peýdaly içgidir. Çaýda antioksidant, bedeniň ir garramagyna, sowuklama garşy täsirleriň saklanýandygy bilen baglylykda, deri örtükleriniň owadan we çeýe bolmagyna ýardam edýär. Gök we gara çaýyň düzümi kofeine we polifenollara baýdyr. Irden içilen çaýyň bedeniň ukudan tiz oýanmagyna, gan basyşyň kadalaşmagyna, ganyň düzümindäki süýjiniň peselmegine, zyýanly holesterinleriň mukdarynyň azalmagyna peýdasy köpdür. Tomsuň yssy günlerinde gök çaý suwsuzlygyňy gandyrmak üçin iň amatly içgidir. Möwsümleýin ýüze çykýan ýokançlarda limon we ary baly garylan çaý içmek has hem peýdalydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda
16.08.2025   320
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   430
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy — döwrüň talaby
09.04.2024   518
Jemgyýet Döwrüň belent waspy
18.06.2026   133
Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň menzili
19.01.2026   202
image