Ýaş zehinleriň üstünligi
Milli bagşyçylyk we saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wasp etmek, zehinli ýaş bagşy sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaşlar gatnaşdylar.
Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň arasynda welaýatymyzdan Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Laçyn Mätgeldiýewa hem-de şu okuw mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Gurbanbibi Hudaýberdiýewa dagy hem bar. Olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.
Laçyn MÄTGELDIÝEWA,
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde eziz Diýarymyzyň ýaş dutarçy bagşydyr sazandalarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmagym, meni mundan buýana-da aýdym-saz sungatynda döredijilikli zähmet çekmäge has-da ruhlandyrýar. «Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Bu jadyly sungata bolan söýgim, yhlasym çagalygymdan bäri dowam edip gelýär. Aslynda, maşgalamyz sungat maşgalasy hökmünde tanalýar. Atam Bally Mätgeldiýew ýurdumyzda tanymal bagşylaryň biri. Bu günki günde atamyň şägirtleri halypalyga ýetişdi. Milli medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halypa-şägirtlik ýoly — biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdep. Men hem sungat äleminde ilkinji halypalarym bolan atamdan hem dädemden bagşyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrendim. Ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli amatlyklar döredilendir. Bu babatda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap okamagy, gurmagy, döretmegi hem-de öz saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmagy üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle bagtyýarlygyň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur.
Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — ýaşlaryň bagtyýar, abadan durmuşda köňül arzuwlarymyza ýetmegimiz üçin edýän aladalaryna buýsanjymyz bimöçberdir.
* * *
Gurbanbibi Hudaýberdiýewa,
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby:
— Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly meniň üçin ýatda galyjy ýyllaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmak bagtyna eýe boldum. Göwün guşumy göge ganatlandyran bu bagtly pursat meniň aýdym-saz sungatyna bolan söýgimi, yhlasymy artdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde biz — ýaşlar üçin uly tutumly, döwletli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçiliklerdir şertler döredilýär.
Heniz çagalyk döwrümde elime ilki dutar berip, saz çalmagy atam öwretdi. Soňra M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine okuwa girdim. Bu ýerde halypam Mekan Jumageldiýew dutarda saz çalmagyň inçe syrlaryny öwretdi. Bäsleşikde «Şirin-şeker» diýen türkmen halk sazyny çalanymda tomaşaçylar el çarpyp gyzgyn garşyladylar. Bu bagtly pursat ömrümiň iň süýji ýatlamalaryna öwrüldi. Biz — ýaşlaryň okamagymyz, gurmagymyz, döretmegimiz üçin taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.