«Çalsana, bagşy!»
weather dashoguz 24° C Daşoguz

«Çalsana, bagşy!»

Medeniýet
25.04.2024  557

Bäsleşigiň şäher tapgyry

Indi ýylyň-ýylyna däbe öwrülip gelýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň  Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde geçirilen şäher tapgyryna 8 bagşy gatnaşdy.

Bäsleşikde ilkinji bolup çykyş etmek gezegi Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutar hünäriniň 4-nji ýyl talyby Bezirgen Kakaýewiň paýyna düşdi. Ol «Hajygolak» diýen türkmen halk sazyny ýerine ýetirdi. Ýene-de şol mekdebiň talyplary Nurana Arazgeldiýewa «Kiçi», Sahy Täçmedow «Ýandym, Leýli», Gurbanbibi Hudaýberdiýewa «Düşmüş», Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Pirli Babaýew «Gökdepe mukamy», welaýat çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Gunça Täjibaýewa «Dön göwnüm», Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň talyby Nazarmät Tirkeşmädow «Bolmasa», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň talyby Dünýägözel Gutlyýewa «Düşmüş» diýen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylara TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýerine ýetirijilik ukyplaryna görä, olaryň ählisi bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga deň hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Görelde mekdebi
26.11.2025   127
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   48
Medeniýet Hasabat konserti
20.05.2026   32
Medeniýet «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!»
14.04.2026   46
Medeniýet Şygryýet äleminiň çyragy
10.06.2024   595
Medeniýet Gültahýa
31.07.2024   655
image