Çäksiz hoşallygyň ruhubelentligi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Çäksiz hoşallygyň ruhubelentligi

Jemgyýet
12.08.2025  248

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçmegi mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda guralan bu maslahata döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport edaralarynyň işgärleri, giň halk köpçüligi gatnaşdylar.


Dabarada çykyş edenler bu iri halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi mynasybetli hoşallyk sözlerini aýdyp, ýürek buýsançlaryny paýlaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, BMG-niň bu uly maslahatynyň ata Watanymyzda geçirilmegi ýurdumyza, halkymyza halkara derejesinde goýlan belent hormatyň, bildirilen çäksiz ynamyň nyşanydyr. Onuň çäklerinde guralan forumlar, mejlisler, duşuşyklar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler işjeň ýagdaýda geçmek bilen, diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar däl, eýsem, tutuş dünýäde dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şonuň bilen birlikde-de, bu forum Türkmenistan döwletimiziň şeýle iri halkara çäreleri geçirmekde uly tejribesiniň bardygyny, bu babatdaky işlere goşant goşmaga hemişe taýýardygyny giňden äşgär etdi.

Dabaranyň dowamynda şeýle halkara maslahatyň netijeli iş alyp barmagy, üstünliklere beslenmegi barada çäksiz alada eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Dabaraly maslahatda ata Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän şirin aýdym-sazlar belent ýaňlandy.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy geçirildi
01.01.2026   201
Jemgyýet Ösüşiň täze menzillerine tarap
11.10.2025   207
Jemgyýet Halk Maslahaty — beýik işlere badalga
05.08.2024   460
Jemgyýet Ösüşleriň binýady
07.02.2026   163
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   562
Jemgyýet Halkyň çüwen ykbaly
09.10.2025   189
Jemgyýet Bedew batly Türkmenistan
20.01.2026   173
image