Çäklendirmeleriň ulag pudagyna ýetirýän täsirini azaltmak üçin teklipler taýýarlanar
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Çäklendirmeleriň ulag pudagyna ýetirýän täsirini azaltmak üçin teklipler taýýarlanar

Syýahatçylyk
07.04.2023  202

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bu toplum tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterime barabar boldy.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýanwar — mart aýlarynda ösüş depgini 116,8 göterime, üstaşyr geçirilen ýükleriň ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça hyzmat etmek babatyndaky ösüş depgini 138,6 göterime deň boldy.

“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 109 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 105,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça hem 107,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, belli bolan wakalar bilen bagly bütin dünýäde girizilen çäklendirmeler zerarly, häzirki wagtda aýry-aýry ulag pudaklarynyň has düýpli kynçylyklary başdan geçirýändigini nygtady. Şoňa görä-de, agentlikleriň maliýe üpjünçiligine aýratyn üns bermek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, bu agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly soraglaryň ýüze çykýandygyny aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna, wise-premýer M.Muhammedow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Meňzeş habarlar

Syýahatçylyk Tomus — 2022
21.06.2023   215
Syýahatçylyk Welileriň şyhy Nejmeddin Kubra
17.01.2023   493
Syýahatçylyk Ýoly abadyň — ili abat
26.09.2023   208
Syýahatçylyk Gadymy was ýaýlasy
06.10.2023   447
Syýahatçylyk Garagum sährasynyň ajaýyp ösümligi
17.04.2023   512
image