Çäklendirmeleriň ulag pudagyna ýetirýän täsirini azaltmak üçin teklipler taýýarlanar
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Çäklendirmeleriň ulag pudagyna ýetirýän täsirini azaltmak üçin teklipler taýýarlanar

Söwda we maliýe
07.04.2023  194

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bu toplum tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterime barabar boldy.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýanwar — mart aýlarynda ösüş depgini 116,8 göterime, üstaşyr geçirilen ýükleriň ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça hyzmat etmek babatyndaky ösüş depgini 138,6 göterime deň boldy.

“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 109 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 105,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça hem 107,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, belli bolan wakalar bilen bagly bütin dünýäde girizilen çäklendirmeler zerarly, häzirki wagtda aýry-aýry ulag pudaklarynyň has düýpli kynçylyklary başdan geçirýändigini nygtady. Şoňa görä-de, agentlikleriň maliýe üpjünçiligine aýratyn üns bermek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, bu agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly soraglaryň ýüze çykýandygyny aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna, wise-premýer M.Muhammedow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Meňzeş habarlar

Söwda we maliýe Nebitgaz pudagy ösüş ýolunda
31.05.2023   217
Söwda we maliýe Binanyň gurluşygy ýokary depginde
21.02.2023   170
Söwda we maliýe Dostluk ýollarynyň merkezi
20.08.2023   217
Söwda we maliýe Dokma işi bilen bagly pähimler
21.03.2023   214
Söwda we maliýe “Ýaşyl” energetika uly ähmiýet berilýär
01.04.2023   184
Söwda we maliýe Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
14.03.2023   217
image