Halkymyz nesil dowamaty bolan perzendini dünýä baýlygyndan zyýada görüp, maşgala bagtyna deňeýär. Onuň edep-terbiýeli, il-güne peýdaly adam bolup ýetişmegini gazanmagy mukaddes borç hasaplaýar. Ata-babalarymyz çagany ýaşlykdan tertip-düzgüne, milli terbiýä salmagy ündeýärler. Bu ýörelgäni gündelik durmuşda ulanýan enelerimiz entek sallançakda ýatan bäbejigi ene söýgüsi bilen gurşap, gulagyny mähir bulagy hasaplanýan hüwdülerinden gandyrýarlar.
Oglanjyklaryň ulalanda watanperwer, edermen, il-güne, maşgalasyna wepaly, zähmetsöýer, gerçek, goç ýigit bolup ýetişmegini ündese, gyzjagazlaryň uýat-haýaly, eli çeper, dili şirin, mähir-mylakatly maşgala bolup ýetişmeklerini sargaýarlar. Şeýlelikde, entek gaty kiçidigine seretmezden, ejesidir beýleki gyz doganlarynyň gapdalynda güýji ýetäýjek zatlaryny göterip, saçak bezeýän, ulugyz çykan doganlaryna meňzemäge çalyşýan gyzjagazlary synlap, asylzada enelerimiziň nusgalyk ýollaryna guwanýarsyň.
Milli terbiýämizde çaganyň zähmetine ýokary baha berip, ony goldamak, şeýlelikde, olarda öz güýjüne bolan ynamy döretmek esasy ugurlaryň biridir.
Ulalyp akyly kämilleşse-de, käwagt töweregindäkileriň armasyny ýetirmegi ýa-da ýerine ýetirýän işiniň ähmiýetini duýup, hoşallyk bildirmegi adamy begendirýär. Onsoň mylaýym, göwne ýakymly sözleriň ýaşajyk çagalary has-da ganatlandyrjakdygy düşnüklidir.
Ata-eneleriň çagalaryň ýaşyna görä ýumuş tabşyryp, soňra belli bir wagt geçenden soň, ol işiň hiline syn etmegi, kabul edip almagy çagada öz edýän işine bolan jogapkärçiligi artdyrýar. «Berekella, balam, öý-içerini gül pürkülen ýaly edipsiň!» ýa-da «Ynha, seniň eken gülleriňden çemen bogup, dostlaryňa sowgat ederis!» diýen ýaly öwgüli sözler çagany işe, zähmet çekmäge, öz zähmetiniň miwesini görmäge höweslendirýär.
Ýurdumyzda milli folklora, halk döredijiligine ägirt uly üns berilmegi milli ruha beslenýän wagyz-nesihat çäreleri, bäsleşikler, duşuşyklar ýaş nesliň milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam edýän, kämil ynsanlar bolup ýetişmeginde örän ähmiýetlidir.