Çagalyk äleminiň bezegi — oýun we sport
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Çagalyk äleminiň bezegi — oýun we sport

Jemgyýet
06.05.2026  130

Bakja-baglarda oýunlaryň dogry guralmagy çaganyň diňe bir fiziki däl, eýsem, akyl we ruhy ösüşiniň hem binýadyny berkidýär. Çagalar bilen geçirilýän döredijilikli oýunlar olarda özbaşdaklygy, pikirlenmek, daş-töwerege, jemgyýete uýgunlaşmak ukybyny kemala getirýär. Şonda her bir oýun çaganyň ýaş aýratynlygyna we ukybyna görä saýlanylýar. Oýunda esasy maksat, çaganyň oýundan täze bir zat öwrenmegini gazanmakdyr. Çagalar «Maşgala», «Lukman», «Dükan», «Mekdep» ýaly oýunlarynda ulularyň durmuşyny nusga alýarlar. Şeýle oýunlar olaryň söz baýlygyny artdyrýar. Kubiklerden, legolardan ýa-da tebigy serişdelerden, ýagny gumdan, daşdan, agaçdan dürli binalary gurmak çaganyň giňişlik baradaky düşünjesini artdyrýar, elleriniň hereketini ösdürýär. Sahna oýunlary bolsa, ýagny ertekileriň gahrymanlaryna öýkünip oýnamaklary çagalaryň ýatkeşligini artdyrýar, duýgy dünýäsini baýlaşdyrýar.

«Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen ýörelgeden ugur alnyp, çagalaryň arasynda dürli päsgelçiliklerden geçmäge türgenleşdirmek, bedenlerini taplamak üçin açyk asmanyň astynda arassa howada geçirilýän maşklar geljegimiz bolan körpeleriň berk bedenli, sagdyn dünýägaraýyşly, kämil nesiller bolup ýetişmeginiň hamyrmaýasydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halkyň çüwen ykbaly
09.10.2025   211
Jemgyýet Merdanalygyň belent nusgasy
08.05.2025   323
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek hazyna
16.10.2025   197
Jemgyýet Şa serpaýyň eýeleri
11.11.2025   237
Jemgyýet Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa
04.10.2025   223
image