Welaýat häkimliginiň we Baş bilim müdirliginiň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda çagalaryň dynç alyş günlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin welaýatymyzyň medeni ojaklarynda aýdym-sazly dabaralar, täsirli sahna eserleriniň görkezilişi guralýar.
Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna zaly hem bu günlerde bagtyýar çagalar üçin gapylaryny giňden açdy. Bagtyýar nesiller teatryň artistleriniň taýýarlan «Jadyly sagat» atly sahnasyna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.
Gyşky dynç alyş günlerinde şäherdäki «Bahar» kinoteatrynda hem çagalaryň söýgüli multfilmleriniň görkezilişi dowam edýär. «Täsin erteki», «Aýyjyk» ýaly multfilmler we «Döwranyň başdan geçirenleri» , «Japbaklar» ýaly kinofilmler çagalarda aýratyn uly täsir galdyrýar.
Çagalaryň iň söýgüli güýmenjesi — oýun attraksionlary. Munuň üçin bolsa döwrebap dynç alyş merkezlerinde ähli şertler döredilendir. Bagtyýar nesiller gyşky dynç alyş döwründe ata-eneleri bilen bilelikde şäherdäki «Rysgal», «Seýran» medeni dynç alyş merkezlerinde bolup, bu ýerde döwrebap attraksionlarda dürli oýunlary oýnap, wagtlaryny şadyýan geçirýärler.