Çagalaryň baýramçylyk çykyşlary
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Çagalaryň baýramçylyk çykyşlary

Jemgyýet
09.03.2026  152

Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde «Çaga kalbynyň enä bolan mähir-muhabbetliliginiň owazy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Alabaharyň ajaýyp pursatlarynda geçirilen dabara mähriban eneler bilen bagtly çagalaryň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygyň ajaýyp hakykaty bolup, kalplara joşgun eçildi. Dabaralar merkeziniň köpöwüşginli bezeg aýratynlygy özboluşly mazmuna eýe bolup, bagtyýar çagalaryň ýüreklerine galkynyş eçildi. Baýramçylyk sahnasynda belentden ýaňlanan hoş owazly nagmalar bagtyýar çagalygyň mekany hasaplanylýan ajaýyp ýurdumyzda eşretli ýaşaýyş-durmuşyň gaýnap joşýandygyny alamatlandyrdy. Welaýat we Daşoguz şäher çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de şäherdäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpejeleriň päk kalplaryndan joşup çykýan ak arzuwlarynyň mukamlar bilen sazlaşyp, belent owaz bilen degre-daşa uly şowhun eçilmegi dabaranyň mazmunyny has-da artdyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   255
Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   128
Jemgyýet Baş baýrama toý sowgady
20.09.2024   512
Jemgyýet Kitap — köňül syrdaşym
03.06.2025   331
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
13.11.2025   202
image