Buýsançly günleriň joşguny
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Buýsançly günleriň joşguny

Jemgyýet
17.01.2026  76

Golaýda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, «Ak ýollaryň röwşen bolsun, bedew batly şanly ýyl!» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Ony TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat gümrükhanasy hem-de Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirligi bilelikde guradylar.

Dabaraly maslahata TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlyklary, TDMG-niň welaýat boýunça müdirliginiň hem-de welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygarynyň ildeşlerimiziň döredijilik ruhuny belende göterýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem ýylyň buýsançly şygarynyň ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň bedew bady bilen belende galjakdygyna, maksatlaryň myrat tapjakdygyna bolan ynamy berkidýändigini nygtadylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   94
Jemgyýet 8-nji mart Halkara zenanlar güni
08.03.2024   1231
Jemgyýet Hurma
04.06.2025   206
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
22.02.2025   279
Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   152
Jemgyýet Beýik şahyryň sarpasy
11.06.2024   351
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.08.2025   146
image