Bütindünýä welosiped güni bellenildi
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Bütindünýä welosiped güni bellenildi

Sport
05.06.2026  55

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmek esasy ugurlaryň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi we ony her ýylyň 3-nji iýunynda bellemek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Daşoguz şäherinde geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş sport baýramçylygynyň ähmiýetini artdyrdy.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ir säher bilen welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Ruhyýet köşgüniň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen dabaralar meýdançasyna ýygnandylar. Şunlukda, göwüngöteriji aýdym-sazlardan, şowhunly tanslardan ruhy lezzet alan welosipedçiler dabaraly ýagdaýda ýörişe badalga aldylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Sportuň bu görnüşi ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. 2018-nji ýylyň 3-nji iýunyndan bäri ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününiň giňden bellenip geçilmegi asylly däpleriň birine öwrüldi. Şunlukda, mähriban Watanymyzda sportuň bu görnüşi barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

Welosiped ýörişine gatnaşyjylar Görogly köçesiniň we Bitaraplyk şaýolunyň ugry bilen şäheriň görküne görk goşup oturan ajaýyp, döwrebap binalary synlap, Daşoguz atçylyk sport toplumyna bardylar. Soňra ýörişe gatnaşyjylar on müň orunlyk sport toplumyna geldiler. Olary bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri joşgunly çykyşlary bilen garşyladylar. Göwün göteriji aýdym-sazlarda türkmen sportunyň ösüşleri wasp edildi. Dabaranyň dowamynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Mahlasy, Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrdy.

Meňzeş habarlar

Sport Ýetginjek türgeniň ýeňşi
08.05.2024   390
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
20.01.2025   267
Sport Zenanlaryň sport ýaryşlary
06.03.2025   321
Sport Açyk birinjilik ugrunda
04.02.2025   299
Sport Yhlas — üstünligiň ýarany
26.05.2025   263
Sport Pälwanlar özara bäsleşdiler
18.06.2025   221
Sport Maşgalalar bäsleşdiler
19.02.2025   284
image