Kesellerden goranmagyň ygtybarly usuly
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň bellenen tertibe laýyklykda geçirilmeginiň netijesinde, howply ýokanç keselleriň öňüni almakda we ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejesinde ykrar edildi.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Immuno-öňüni alyş çäreleri epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm guralydyr. Ýurdumyzda bu hepdäniň dowamynda giňişleýin wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Türkmenistanda ilaty ýokanç kesellerden goramak ugrundaky sanjymlar tölegsiz esasda amala aşyrylýar.
Döwlet tarapyndan satyn alynýan sanjym serişdeleri ýokary hil derejesinde bolup, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan güwänamalaşdyrylandyr. Öňüni alyş sanjymlaryny almadyk çagalaryň ýokanç kesellere (gyzamyk, gyzylja, täjihoraz we beýlekiler) duçar bolmak ähtimallygy ýokarydyr. Şonuň üçin her bir ata-ene çagalarynyň öz wagtynda keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyny gazanmaga borçludyr. Eneler ýaşy dolan çagalaryna keseliň öňüni alyş sanjymlaryny wagtynda almalydyrlar. Bu bolsa kuwwatly döwletimizde sagdyn nesliň kemala gelmeginiň kepilidir.
Uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde öňüni alyş sanjymlarynyň adam bedeniniň ýokanç kesellere garşy göreşmek ukybyny çagalyk döwründen başlap ýokarlandyrýandygy, geçirilen sanjymlaryň täsiriniň netijesinde çaganyň bedeninde ýokanç kesele garşy antitelalaryň emele gelmegi bilen, immun ulgamynyň pugtalanmagyna ýardam edýändigi anyklanyldy.
Öňüni alyş sanjymlary saglyk öýlerinde sagdyn çagalara bellenilen tertip boýunça amala aşyrylýar. Sanjym geçiriljek çaga, ilki bilen, maşgala lukmany we degişli hünärmenler tarapyndan barlagdan geçirilýär we garşylyk alamatlary ýüze çykarylmadyk ýagdaýynda degişli sanjymy geçirmäge rugsat berilýär.
Ýurdumyzda çagalarda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ozalky hereket edýän 11 görnüşli sanjymdan ybarat bolan tertipnama ýene-de täze — rotawirusa, pnewmokokka, adamyň papilloma wirusyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar goşuldy. Bulardan daşary, möwsümleýin döreýän kesellere garşy sanjymlar töwekgel topardaky raýatlara bellenen tertipde yzygiderli geçirilýär.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ýokanç kesellere garşy geçirilýän öňüni alyş sanjymlary degişli tertipde guramaçylykly dowam etdirilýär.