Bugdaýyň idegi ýetirilýär
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Bugdaýyň idegi ýetirilýär

Ykdysadyýet
14.04.2026  139

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň oba zähmetkeşleri hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bereketli bugdaý hasylyny ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň 1010 gektar güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarynda hem häzirki günlerde ýaşyl öwsüp oturan maýsalara ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bugdaýlara ösüş suwuny tutmak, mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ekinleri iýmitlendirmekde etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli tehnikalar ýakyndan ýardam berýärler. Netijede, bugdaýlar kadaly boý alyp, gözüňi dokundyrýar.

Azyk önümleriniň naýbaşysy hasaplanýan bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde daýhan birleşiginiň gallaçy daýhanlary ussatlyk görkezmegi başarýarlar. Aýratyn hem, Myrat Meredow, Hangylyç Nepesow, Ogulhan Abdyýewa ýaly kärendeçiler özleriniň çekýän yhlasly zähmeti bilen köplere görelde bolýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça meýdanlaryndaky joşgunly zähmet
26.07.2024   366
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
05.06.2024   345
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   73
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
04.05.2026   168
Ykdysadyýet Sanly ulgamyň mümkinçilikleri
18.09.2026   58
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   551
image