Bugdaýyň idegi ýetirilýär
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Bugdaýyň idegi ýetirilýär

Ykdysadyýet
15.01.2025  304

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri gyş paslynyň höküm sürýän häzirki döwründe her bir güni netijeli peýdalanyp, bugdaýlaryň möwsümleýin idegini ýetirmekde görelde görkezýärler. Hojalygyň kärendeçileri geçen ýylyň güýzünde 900 gektar ýerde bugdaý ekişini geçirdiler. Ekilen bugdaý meýdanlarynda oňat, tekiz gögeriş alyndy. Şu günler hojalygyň kärendeçiler toparlarynda ak ekinler ýerli dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şu wagta çenli kärendeçiler ýerli dökünleriň 2547 tonnasyny taýýarladylar. Gündelik taýýarlanylýan ders çüýrüntgileri 35 — 40 tonnadan geçýär. Taýýarlanylan dökünleri ekin meýdanlaryna daşamakda tehnikalaryň dördüsi bökdençsiz işledilýär. Möwsümleýin ideg çärelerini amal etmegiň kadalaryna laýyklykda kärendeçi daýhanlar her gektara 200 kilogram fosfor, 100 kilogram karbamid dökünlerini günde 30 — 35 gektar ýere berip, bu işde tutanýerlilik görkezýärler. Şonuň ýaly-da kärendeçiler bugdaýly meýdanlaryň gyralaryny guran çöplerden arassalamak, ululy-kiçili akabalary gyrçamak ýaly möhüm işleri-de utgaşykly alyp barýarlar. Ak ekinlere ideg etmekde Atamyrat Saryýew, Kakamyrat Tuwakow, Baýramdurdy Gaýypow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 2, 4, 6-njy kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň bitirýän işleri öwgä mynasypdyr.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
11.06.2026   142
Ykdysadyýet Bol pile hasyly ugrunda
07.05.2025   230
Ykdysadyýet Obanyň özgerýän keşbi
03.07.2024   423
Ykdysadyýet Miweli baglaryň bagbany
06.08.2026   88
Ykdysadyýet Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär
11.07.2024   405
Ykdysadyýet Yhlasly zähmet — üstünligiň gözbaşy
10.02.2026   132
image