Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär

Ykdysadyýet
28.02.2025  218

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri gyş paslynyň şu günlerinde bugdaý maýsalarynyň idegini ýetirýärler. Geçen ýylyň güýz aýlarynda ekiş geçirilen 17 müň 500 gektar ýerde kadaly gögeriş gazanan gallaçy kärendeçiler häzirki wagtda bugdaý maýsalaryny goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Bugdaý maýsalaryny iýmitlendirmek boýunça daýhan birleşikleriniň tehnikalaryndan ybarat bolan ýörite topar döredilip, bu topar tehnikalaryň 25-sini özünde jemleýär. Olaryň kömegi bilen her günde 500 gektara golaý bugdaý meýdanlaryna karbamid döküni talabalaýyk berilýär. Etrabyň «Şabende», «Magrupy» daýhan birleşikleriniň bugdaý meýdanlaryna dökün bermek işi doly tamamlanyp, häzirki wagtda bu iş «Watan», «Kyrkgyz» daýhan birleşiklerinde dowam edýär. Kärendeçi daýhanlar hem özleriniň garamagyndaky bugdaý ýerleriniň daş-töwereklerinde, çillerde, akabalarda arassaçylyk işlerini geçirýärler. Olar şu ýylda hem bol hasyl öndürmek ugrunda iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýuwuş suwy tutulýar
30.01.2025   264
Ykdysadyýet Tebigat
03.01.2025   282
Ykdysadyýet Bol hasylyň binýady
09.10.2024   257
Ykdysadyýet Ene toprakdan bereket tapan
14.01.2026   90
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýt önümleri
25.11.2024   376
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   291
Ykdysadyýet Gowaça meýdanlaryndaky joşgunly zähmet
26.07.2024   283
Ykdysadyýet Meýdan işleri ýokary depginde
29.11.2025   117
image