Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär

Ykdysadyýet
27.11.2024  315

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete galla tabşyrmak barada bellenen meýilnamany artygy bilen berjaý eden Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri geljek ýylda hem bol hasyl ýetişdirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Birleşigiň kärendeçileri 900 gektar ýerde güýzlük bugdaýyň ekişini talabalaýyk geçirip, kadaly gögeriş gazandylar.

Şu günler kärendeçi daýhanlar ýaşajyk bugdaý maýsalaryny goşmaça mineral dökünler, ders çüýrüntgisi bilen iýmitlendirýärler. Şeýle hem olar atyzlaryň töwereklerini, çilleri guran ot-çöplerden, suw geljek akabalary gyrmançalardan arassalaýarlar. Göreldeli kärendeçilerden Baýramdurdy Gaýypow, Öremyrat Gurbanow, Arazmyrat Rejepow dagyny görkezmek bolar. Daýhan birleşiginde şu günlerde çekilýän päk zähmet geljek ýylda 1791 tonna galla hasylynyň kemala geljekdiginden habar berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
28.02.2025   263
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň guwandyryjy netijeleri
22.09.2025   172
Ykdysadyýet Aşgabat şäheriniň gününe
20.05.2025   242
Ykdysadyýet Tebigatyň görki — baglar
15.11.2024   276
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
05.06.2024   305
Ykdysadyýet Ösüşiň möhüm ugry
14.12.2023   359
Ykdysadyýet Bereketli hasyl — belent sepgit
07.07.2026   56
image