Saçaklarymyzyň rysgal-berekedi hasaplanylýan guşgursak bugdaý öndürmekde «Bereket» daýhan birleşigi Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýokary iş netijesini gazanyp işleýän hojalyklaryň biri. Şeýle diýmäge bu ýerde önüm öndürmekde eýelenilýän sepgitler doly esas berýär. Kesgitli aýdylanda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birleşik boýunça orak geçirilen 600 gektar ýerden 1300 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý öndürilip, uly harmana tabşyryldy. Bu görkeziji önüm öndürmegiň bellenen tabşyrygynyň 122 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Bu üstünlik bilen ruhlanan birleşigiň gallaçy kärendeçileri orak möwsümi tamamlanan pursadyndan täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaklyga guramaçylykly girişip, dürli agrotehniki çäreleriň oňat hilli berjaý edilmegi ugrunda tagalla etdiler.
— Daýhan birleşigimizde gallaçylyk pagtaçylyk bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurlaryň ekin dolanyşygy usulynda ýola goýulmagy olaryň ikisi üçin hem bähbitli. Şu möwsümde gallaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçiler toparlarynyň 7-sinde bugdaý ekişi alnyp barylýar. Ýer eýeleriniň ýokary hasyl ýetişdirmäge bolan ynamy hem-de höwesi işiň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Daýhan birleşigimiz boýunça gündelik ekiş geçirýän meýdanlarymyz meýilnamadakydan az däl. Birleşigimiz gündelik ekiş geçirmekde etrabymyzyň daýhan birleşikleriniň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Ilaman Atakeýew aýdýar.
Bu ýerde bugdaý ösdürip ýetişdirmek boýunça kärendeçileriň 120 sanysy iş alyp barýar. Şolaryň yhlasly aladasy, janypkeş zähmeti netijesinde, ekilmegi göz öňünde tutulan meýdanyň 600 gektardan gowragynda tagt suwy tutulypdyr. Şonuň 505 gektaryndan gowragynda bolsa ekiş agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Güýzlük bugdaýyň ekişini geçirmekde wagtlaýyn döredilen iki iş topary hereket edýär. Olar öz düzüminde sürüm we topragy işläp bejerýän traktorlaryň hem-de ekijileriň ýeterlik sanyny birleşdirýär. Işleriň gije-gündizleýin guralmagy netijesinde, gündelik ekiş geçirilýän ýeriň möçberi 15 — 20 gektardan bäri bolmaýar.
Daýhan birleşiginde bereketli galla hasylyny ýetişdirmekde ussatlyga ýeten ýer eýeleri az däl. Şolaryň hatarynda Ýoldaşbaý Täjimow, Maksat Murzäýew, Genjebaý Asgarow, Maksat Ismailow, Ýagşymyrat Rozyýew dagyny görkezmek bolar. Olar ekin ýerleriniň her gektaryndan öndürilýän hasylyň mukdaryny 35 — 40 sentnerden geçirmegi başarýarlar. Bereket tohumlaryny topraga ilkinjileriň hatarynda sepmegi başaran bu kärendeçiler geljek ýyl hasyllyk babatda has ýokary sepgitlere ýetmegi maksat edinýärler.
— Birleşigimizde ekiş geçirmek işi her gektara bellenlen möçberde mineral dökün bermek bilen amala aşyrylýar. Ýerleri çizellemekde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň eýeçiligindäki traktorlaryň ýardamy aýratyn bellenilmäge mynasyp. Bu işde daýhan birleşigimiziň eýeçiligindäki traktorlaryň güýjünden hem netijeli peýdalanylýar. Mahlasy, Azat Metenow, Döwran Aşyrow, Galpak Amangeldiýew dagynyň öz kärdeşleri bilen arkalaşykly işlemekleri netijesinde, her günde onlarça gektar ýerde sürüm kadaly çuňlukda geçirilýär. Mehanizatorlar Babajan Urazbaýew, Haýtbaý Narbaýew dagy bolsa topragy mineral dökünler bilen dökünläp, ekişe taýýarlamakda köplere nusga bolarlyk iş bitirýärler. Işleri günüň talabyna laýyk gurap, depginli dowam etdirilmek bilen, bugdaý ekişini bellenen möhletde ýokary hil derejesinde tamamlarys — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy ynamly aýdýar.