Bugdaý ekişi ýokary depginde
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Bugdaý ekişi ýokary depginde

Ykdysadyýet
23.09.2024  98

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete bugdaý tabşyrmakda gazanan üstünlikleri bilen ruhlanyp, häzirki günlerde täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Etrap boýunça şu möwsümde 17,5 müň gektar meýdana bugdaý tohumynyň sepilmegi göz öňünde tutulyp, bu işiň bada-bat ýokary depgine eýe bolmagy guwandyryjy netijeleri berýär. Şeýlelikde, her günde 280-300 gektar meýdanda ekiş oňat hilli amala aşyrylýar. Ekişde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň sürüm, bejergi traktorlarynyň 50-den gowragynyň, bugdaý ekijileriniň 30-a golaýynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiklerine degişli tehnikalaryň güýjünden öndürijilikli peýdalanylmagy şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Bugdaý ekişinde etrabyň «Akgala», «Hakykat», «Akderýa», «Galkynyş» daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri has öňe saýlanýarlar.

Etrabyň çäklerinde irki möhletlerde ekiş geçirilen meýdanlar hatasyz gögeriş berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Pagta ýygymy guramaçylykly barýar
24.09.2024   119
Ykdysadyýet Harman barha beýgelýär
22.05.2024   119
Ykdysadyýet Bol hasyl yhlasa bagly
17.03.2025   74
Ykdysadyýet Bank hyzmatlarynyň gerimi giňeýär
03.04.2024   132
Ykdysadyýet «Gyş suwy — gyzyl...»
04.02.2025   59
Ykdysadyýet Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi
04.10.2024   103
Ykdysadyýet Täze tehnikalar gelip gowuşdy
09.08.2024   126
Ykdysadyýet Baglar — gözelligiň gözbaşy
09.11.2024   98
image