Her ýylyň güýzki bugdaý ekiş möwsümi gallaçy daýhanlar bilen bir hatarda, olara tehnika babatda ýardam berýän adamlardan hem göwnejaý taýýarlygy talap edýär. Çünki şu döwürde traktorlaryň, olaryň iş gurallarynyň bökdençsiz peýdalanylyp, ýokary netijeleriň gazanylmagy şonuň bilen berk baglanyşykly bolýar. Şoňa görä-de, Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki kärhanalarynda bu ugurda derwaýys çäreler amala aşyrylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şeýle jogapkärli möwsümini talabalaýyk geçirmäge welaýatyň Görogly etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlarydyr abatlaýjy ussalary hem oňat taýýarlyk görýärler. Bu babatda kärhananyň baş mehanigi Agadurdy Dosmedow şeýle gürrüň berýär:
— Golaý gelen bugdaý ekişi möwsüminde kärhanamyzyň mehanizatorlarynyň, tehnikalara iş üstünde hyzmat etjek adamlaryň öňünde uly wezipeler goýulýar. Sebäbi şu döwürde etrabymyz boýunça 15,5 müň gektar meýdanda ekiş geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunça ýerde ekişi ýokary hilli amala aşyrmak üçin uly güýç gerek. Biz muny nazara almak bilen, möwsüme taýýarlyk işlerine has öňünden girişdik. Şonuň netijesinde hem onuň dowamynda ulanyljak traktorlaryň, olaryň iş gurallarynyň ählisi bir hatar gözden geçirilip, taýýarlyk hataryna çykaryldy.
Gürrüňdeşimiziň bellemegine görä, ekiş möwsüminde kärhana boýunça dürli kysymly traktorlaryň 70-e golaýynyň, ekiji gurallaryň 30-dan gowragynyň, borona-malalaryň uly toplumynyň, olara iş üstünde ýangyç-tehniki hyzmat etmek üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň ençemesiniň güýjünden peýdalanmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, olar şu wagta çenli bir hatar gözden geçirilip, kemçilikleri düzedilipdir. Bu bolsa olaryň bökdençsiz hereket etmeginiň kepili bolup durýar.
— Kärhanamyzda ençeme ýyllardan bäri bugdaý ekişine gatnaşyp gelýän ezber mehanizatorlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Şu möwsümde-de olaryň yhlasly zähmetleri bilen köplere görelde boljakdyklaryna ynamymyz bar. Olardan sürüm traktorlaryna erk edýän Begdurdy Begdurdyýewiň, Maksat Gurtbaýewiň, Gündogdy Arazgeldiýewiň, ekiji gurallar tirkelýän traktorlaryň mehanizatorlary Bektemir Adambaýewiň, Gara Garaýewiň, Meret Öwlüýägulyýewiň atlaryny tutmak ýerlikli bolar. Bu mehanizatorlar özleriniň ýerine ýetirýän işleriniň diňe bir möçberlerine däl, eýsem, olaryň hiline-de aýratyn üns bermek bilen, gallaçy daýhanlaryň alkyşlaryna mynasyp bolmagy başarýarlar.
Elbetde, ekişde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz hereket etmeginde olara iş üstünde göwnejaý hyzmatyň ýola goýulmagynyň möhüm ähmiýeti bar. Kärhanada bar bolan traktorlaryň, ekijileriň häzirki wagta çenli möwsüme doly taýýar edilmeginde ezber ussalar Jumadurdy Öräýew, Mämmet Mämmedow, Durdymyrat Babaýew, Aşyrgeldi Meredow, Guwanç Baýjanow dagynyň uly goşantlary bar. Olaryň ekiş möwsüminiň dowamynda hem öz işlerine uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, berlen tabşyryklary üstünlikli berjaý etjekdiklerini ynam bilen aýtmak bolar.
Görnüşi ýaly, kärhananyň ähli mehanizatorlary, abatlaýjy ussalary öňde duran jogapkärli möwsümiň bereketli galla hasylyny kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygyna pugta göz ýetirmek bilen, häzirki günlerde oňa taýýarlyk işlerini gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Mundan başga-da, bu ýerde şu döwürde tehniki howpsuzlygyň, ýol hereketleriniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine gönükdirilen çäreleriň hem göwnejaý guralmagyna ýeterlik üns berilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Bu aladalar möwsümiň talabalaýyk dowam etdirilmegine, bellenilen möhletlerde üstünlikli tamamlanylmagyna şert döreder.