Bosagada — täze okuw ýyly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Bosagada — täze okuw ýyly

Jemgyýet
03.08.2026  75

Mekdep bazarlary - haryt bolçulygy

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Şol sebäpden ýakymly aladalar bilen gurşalan ene-atalar perzentlerini okuw esbaplarydyr, mekdep lybaslary bilen üpjün etmek üçin başagaý bolýarlar. Aýratyn hem, ak mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpeler ýakymly tolgunma bilen gurşalýarlar.

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde öz işine başlan mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary örän köp adamly. Mekdep bazarlary dürli görnüşli harytlary bir ýerden satyn alyp bolýandygy bilen wagtyňy tygşytlaýar hem-de göwün halan harydyňy saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Söwda nokatlarynda halka hödürlenilýän ýokary hilli harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilendigini aýratyn bellemeli. Bu babatda gyzyklanyp, Daşoguz şäherindäki «Daýhan bazarynyň» söwda meýdançasynda guralan mekdep bazaryna bardyk. Giň meýdançada hatara düzülen hem-de baýramçylyk ruhunda bezelen söwda nokatlarynyň göze gelüwliligi halk köpçüligini özüne çekýär. Bu ýerdäki türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän ýeň-ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli lybaslar, olar bilen reňkdeş penjekler, fartuklar, tahýalar, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslar okuwçy gyzlarda höwes döredýär. Oglanlar hem bu ýerden özlerine gerek bolan köýnekdir penjekleriň, aýakgaplaryň içinden göwnüne ýaran görnüşini satyn alýarlar. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleri we taýýar egin-eşikler ekologiýa taýdan arassa önüm bolmak bilen, çagalaryň saglygyna oňaýly täsir edýär.

Bazaryň tekjelerinde owadan görnüşde ýerleşdirilen ýantorbalardyr okuw esbaplary alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Esasy bellemeli zat bolsa, mekdep bazarlaryndaky harytlaryň nyrhynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagydyr. Satyjylaryň aýtmagyna görä, şu ýyl alyjylar ýurdumyzda öndürilýän önümlere, milli nyşanly futbolkadyr köýneklere uly isleg bildirýärler.

Umuman, şu günler çagalarynyň elinden tutup, okuw üçin gerekli lybaslardyr esbaplary satyn almaga bazarlara gelýän ene-atalaryň sany barha köpelýär. Toý-baýramlary şatlyk-şowhun bilen garşy alýan ildeşlerimiz üçin täze okuw ýyly sözüň doly manysynda özboluşly baýramçylykdyr. Çünki ene-ata üçin çagasynyň döwrebap bilimli, sowatly bolmagy uly bagt.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
05.10.2024   566
Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   384
Jemgyýet Obalar döwrüň keşbinde
02.07.2025   292
Jemgyýet Ynsanperwerligi ýörelge edinip
08.07.2025   309
Jemgyýet Arzyly törleriň bezegi
09.07.2026   84
Jemgyýet Sähradaky haýyrly işler
16.03.2024   571
Jemgyýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
20.02.2026   144
Jemgyýet Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi
06.08.2024   365
image