Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny kemala getirmekde olaryň suw bilen ýeterlik üpjün edilmeginiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagynyň uly ähmiýeti bar. Daşoguz welaýatynyň çäklerinde, şol sanda Şabat etrabynda hem bu ugurda möhüm işler alnyp barylýar.
Bu barada «Şabatsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň başlygynyň orunbasary Merdan Orazdurdyýew golaýda gürrüňdeş bolanymyzda şeýle diýdi:
— Hormatly Prezidentimiz suw hojalyk ulgamynyň işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýýar. Olar, esasan, akaba suwunyň bellenilen ýerlere bökdençsiz ýetirilmeginden, suwuň tygşytly ulanylmagyndan, şonuň bilen birlikde-de, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Şeýle möhüm tabşyryklardan ugur almak bilen, biziň dolanyşygymyzda-da meýilnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda etrabymyzyň çäklerinde 1370 kilometrden gowrak hojalygara we içerki suwaryş suw, 920 kilometre golaý hojalygara we içerki şor suw akabalary hereket edýär. Olarda suwuň kadaly akmagyna gözegçilik etmek, gyrmançalardan arassalamak, gazmak işlerini amala aşyrmak biziň üstümize ýüklenilýär. Şeýlelikde, bu babatda degişli çäreler öndürijilikli dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde geçen ýylyň dowamynda suwaryş suw akabalarynyň 185 kilometrden gowragynda, zeýkeşleriň 123 kilometre golaýynda gazmak-arassalamak işleri berjaý edildi. Munuň özi olaryň talabalaýyk peýdalanylmagyna şert döredýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda etrabymyz boýunça 18,5 müň gektar meýdanda gowaçanyň, 16 müň gektar ýerde bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, müňlerçe gektar bag-bakjalar, gök ekerançylyk meýdanlary, mellek ýerleri bar. Olaryň ählisiniň öz wagtynda suw bilen üpjün edilmegi dolanyşygymyzyň işgärlerinden ýadawsyz zähmeti talap edýär. Munuň üçin suw akabalarymyzda bellenilen wagtda arassalamak-gyrçamak işlerini geçirmek, bar bolan 12 sany suw paýlaýjy desgalarymyzy, köp sanly suw göteriji enjamlarymyzy abatlamak bilen, suwaryş möwsümine irgözinden taýýarlyk gördük. Şonuň netijesinde-de şu ýylyň başyndan olardan peýdalanyp, ekin meýdanlarymyza ýuwuş suwuny ýetirmegi ýola goýduk. Şu günler daýhan birleşikleriniň ençemesinde ýuwuş suwunyň tutulyşynyň depgininiň barha ýokarlanmagy hem şonuň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz suw hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmeklige, ösdürmeklige uly goldaw berýär. Şonuň netijesinde akaba-zeýkeşleri gazyp-arassalamakda, ýer tekizlemekde ulanylýan dürli görnüşli, kuwwatly tehnikalar degişli kärhanalara yzygiderli gelip gowuşýar. Munuň özi şeýle möhüm işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginde giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa gyzyldan gymmatly suwuň ekerançylyk meýdanlaryna, beýleki ýerlere zerur wagtynda, ýitgisiz ýetirilmeginiň esasy şertidir. Biziň dolanyşygymyzyň suw hojalyk işgärleri-de mundan netijeli peýdalanyp, öňde duran möhüm möwsümlerde uly üstünlikleriň gazanylmagyna öz goşantlaryny goşarlar.