Bol pile hasyly ugrunda
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Bol pile hasyly ugrunda

Ykdysadyýet
07.05.2025  247

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşigi boýunça şu ýyl 196 guty ýaş gurçuklardan 7 müň 160 kilogram ýokary hilli çig pile taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu sepgide abraý bilen ýetiljekdigini daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçileriniň ýadawsyz zähmeti hem görkezýär.

Daýhan birleşiginde jemi 67 sany ýüpekçi kärendeçi şanly ýylymyzyň zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşmak üçin yhlaslaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýar. Şolaryň biri hem Bahadyr Ýomutbaýewdir. Ol indi 25 ýyldan bäri ýüpek gurçugyny idetmek bilen, her ýyl Watan harmanyna ak piläniň saldamly hasylyny goşup gelýär. Ol maşgalasy bilen şu möwsümiň başynda sekiz guty ýaş gurçuklary idetmäge alypdyr. Ol ogludyr gelni bilen möwsümiň ahyryna çenli 292 kilogram çig pile taýýarlap, Watan harmanyna goşmagy maksat edinýär. Olar bereketli pile hasylyny almak üçin ýüpek gurçuklarynyň arassa hem ýyly saklanylmagy, tut ýapraklary bilen ýeterlik iýmitlendirilmegi ugrunda agzybirlikde zähmet çekýärler.

Hojalykda yhlasly zähmet çekýän ýüpekçileriň hatarynda Dildara Ýoldaşowa, Bagtyýar Jumamyradow, Miýassar Kosanowa, Hudaýar Seýtimow dagyny görkezmek bolar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Sanly ulgamyň amatlyklary
12.08.2026   107
Ykdysadyýet Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň binýady
10.07.2026   118
Ykdysadyýet Daýhan aladalary — berekediň binýady
14.01.2025   351
Ykdysadyýet Ak piläniň bereketli hasyly
22.05.2025   286
Ykdysadyýet Sürüm ýokary depginde
12.07.2025   302
Ykdysadyýet Täze kärhananyň döwrebap önümleri
02.07.2026   137
image