«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişi möwsümine badalga berlen gününden, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň galla meýdanlarynda hem bu derwaýys çäräniň depgini ýokary göterildi. Şeýlelikde, etrabyň gallaçy daýhanlary häzirki döwürde ene topraga geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň kemala getirilmeginiň binýady hasaplanylýan bereket tohumlaryny atmagy öndürijilikli dowam etdirýärler.
Ýeri gelende bellesek, etrabyň gallaçy daýhanlary şu ýylyň geçen orak möwsüminde Watan harmanyna bugdaý tabşyrmakda uly üstünliklere eýe boldular. Şonda olar 19,5 müň gektar meýdandan 35535 tonnanyň ornuna 47 müň tonnadan gowrak dokmaňyz däne ýygnap, bu baradaky ýyllyk meýilnamalaryny has artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi olaryň hormatly Prezidentimiziň özleri baradaky çäksiz aladalaryna iş bilen jogap bermegi maksat edinip, giň gerimli goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, uzak wagtyň dowamynda çeken agzybirlikli zähmetiniň guwandyryjy netijeleri berendigini aňladýar.
Bu uly üstünligiň gazanylmagyna etrabyň iň iri gallaçylyk hojalygy bolup durýan «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň saldamly goşant goşandyklaryny bellemek gerek. Ýagny olar şonda döwlet harmanyna 16,5 müň tonnadan artygrak bugdaý tabşyrmagy başardylar. Munuň özi ýyllyk meýilnamada bellenileninden 4 müň tonna golaý köpdür.
Geçen orak möwsüminde ýetilen şeýle belent sepgitler bilen ruhlanan daýhan birleşiginiň gallaçylary şu ekiş möwsümine-de öňdäkileriň hatarynda girişmek bilen, häzirki günlerde bu möhüm çäräni guramaçylykly alyp barýarlar. Şeýlelikde, olar geljek ýylyň bol bugdaý hasyly üçin 6200 gektar meýdanda ekiş geçirmegi meýilleşdirip, bu çäräniň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Munuň şeýledigini hojalygyň gallaçy daýhanlarynyň bu babatda gündelik gazanýan netijeleri hem aýdyň tassyklaýar.
Belli bolşy ýaly, daýhan birleşiginde şu möwsümde ýokary hilli ekiş geçirmek hem-de geljek ýylda ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek babatda tejribeli kärendeçileriň 620-den gowragy bilen şertnama baglaşylypdyr. Olaryň hatarynda Aşyrmuhammet Söýünow, Arazgylyç Arazgylyjow, Geldinazar Allaýew ýaly indi ençeme ýyllardan bäri özlerine berkidilen meýdanlardan ýokary bugdaý hasylyny öndürmekde köplere görelde bolup gelýän öňdebaryjy gallaçylar bar.
Daýhan birleşiginiň öz kärine yhlasly şeýle kärendeçileriniň, topar ýolbaşçylarynyň arkalaşykly zähmetiniň netijesinde şu möwsümde bugdaý ekilmegi meýilleşdirilen meýdanlaryň esasy böleginde sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly çäreleriň irki möhletlerde ýerine ýetirilmegi ýerleriň bu çäräniň geçirilmegine öz wagtynda, doly taýýar bolmagyny üpjün etdi hem-de ekişiň ilkinji günlerden öndürijilikli amala aşyrylmagyna şert döretdi. Şeýlelikde häzirki wagtda ýokarda hem belleýşimiz ýaly, hojalykda bugdaý ekişi bökdençsiz dowam etdirilýär.
Daýhan birleşiginde bu derwaýys çäräniň öndürijilikli amala aşyrylmagyna ezber mehanizatorlaryň ençemesiniň uly goşant goşýandyklaryny-da bellemek zerur bolup durýar. Çünki olar her günde onlarça gektar meýdanda sürüm, ekişi geçirmek bilen, bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk bolmagyny-da gazanýarlar. Şeýlelikde, hojalykda bugdaý ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilip gutarylmagyna ähli şertler döredilýär.