Bol hasylyň binýady
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Bol hasylyň binýady

Ykdysadyýet
09.10.2024  269

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň häzirki günlerinde gallaçy daýhanlaryň iş-aladalarynyň ýetikdigi hemmelere mälimdir. Çünki olar şu döwürde geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň düýbüni ykjam tutmaklygy, ýagny atyz-meýdanlarda ene topraga bereket tohumlaryny atmaklygy ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Şeýlelikde, endigan ekiş geçirilen meýdanlar barha artýar.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň hem şeýle möhüm çäräni amala aşyrmakda ähli mümkinçiliklerden önjeýli peýdalanmak bilen, ýokary netijeleri gazanýandyklaryny bellemek bolar. Olar şu möwsümde 525 gektar meýdana bugdaý ekmegi maksat edinip, bu babatda ähli taýýarlyk işlerine aýratyn üns beripdirler. Bu hem ekişi bada-bat güýçli depgine çykarmaklyga şert döredipdir.

Ýeri gelende aýtsak, bu daýhan birleşiginiň başarjaň kärendeçileri şu ýylyň orak möwsüminde döwlete galla tabşyrmak baradaky meýilnamalaryna ilkinjileriň hatarynda hötde gelmek bilen, Watan harmanyna jemi 1400 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý goşup, uly üstünlige eýe bolupdyrlar. Munuň olary has-da gujur-gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrandygyna häzirki günlerde bu ýerde bugdaý ekişiniň barşyna syn edeniňde hem anyk göz ýetirmek bolýar.

Elbetde, şu mahala çenli birleşigiň gallaçylarynyň ençemesiniň kärende ýerlerini irki möhletlerde ekişe birkemsiz taýýarlap, bu işi talabalaýyk berjaý edendiklerini-de nygtap geçmek gerek. Şeýle öňdebaryjy, göreldeli kärendeçileriň arasynda Täzebaý Rejebow, Merjen Ýegennazarowa we beýlekiler bar. Olaryň gözegçilik edýän meýdanlarynda hatasyz gögeriş alnyp, ýaşajyk maýsalar töwerege bezeg berýär.

Maglumatlardan görnüşi ýaly, bu daýhan birleşiginde şu möwsümde jemi 274 sany gallaçy kärendeçiniň bugdaý meýdanynda ekiş geçirmek bellenildi. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, häzirki döwre çenli olaryň onlarçasynyň ýerlerinde bu iş ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Bu ýerde bugdaý ekişiniň depgininiň günsaýyn ýokary göterilýändigi olaryň sanynyň barha köpelmegine ýol açýar.

    Türkmenistanyň Prezidentiniň gallaçylar üçin döredýän şertleri, berýän goldawlary kärendeçi daýhanlaryň öz işlerine, ene toprakdan bol hasyl öndürmeklige bolan höweslerini artdyryp, olara güýç-kuwwat bagyş edýär. Munuň şeýledigini olaryň şu möwsümde bugdaý ekişinde gazanýan netijeleri hem aýdyň tassyklaýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ene toprakdan bereket tapan
14.01.2026   106
Ykdysadyýet Hasyl ussady bilen duşuşyk
29.09.2025   121
Ykdysadyýet Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
23.01.2026   96
Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
18.04.2024   302
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň guwandyryjy netijeleri
22.09.2025   136
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
01.07.2025   216
Ykdysadyýet Kombaýnlar möwsüme taýýar
21.05.2025   197
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   278
image