Bol hasyla ynam bilen
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Bol hasyla ynam bilen

Ykdysadyýet
31.01.2023  345

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen Daşoguz welaýatynyň  gallaçy, pagtaçy daýhanlary gyş meýdan işleriniň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Olar häzirki günlerde bugdaýa ideg etmekde, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda bellenilen çäreleriň talabalaýyk amala aşyrylmagynyň ähmiýetine oňat düşünmek bilen, şu ýyl bereketli bugdaý, pagta hasyllaryny kemala getirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini olaryň gündelik gazanýan netijeleri doly tassyklaýar.

Belli bolşy ýaly, welaýatyň Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watan harmanyna bugdaý, pagta hasyllaryny goşmakda uly üstünliklere eýe bolmagy başardylar. Munuň özi olaryň şol ýylda çeken agzybirlikli zähmetleriniň ýerine düşendigini, göz öňünde tutulan belent sepgitlere ýetip, uly abraý gazanandyklaryny görkezýär.

Daýhan birleşiginiň kärendeçileri şeýle üstünlikler bilen ruhlanyp, şu ýylyň bol hasyly ugrundaky aladalara hem öz wagtynda girişdiler. Şeýlelikde, olar şu günler 520 gektar meýdanda ertirki belent harmana ynam döredýän ýaş maýsalara ideg etmekligi, şonuň ýaly-da öňümizdäki baharda gowaça ekilmegi meýilleşdirilýän 400 gektar ýerde taýýarlyk çärelerini guramaçylykly alyp barýarlar.

Daýhan birleşiginde gowaça ekilmegi göz öňünde tutulýan meýdanlaryň esasy böleginde sürüm, tekizleme, çil çekmek ýaly işler ýokary hilli ýerine ýetirilipdir.

Birleşigiň kärendeçi daýhanlaryna meýdan işlerinde ýardam bermekde başarjaň mehanizatorlaryň ençemesiniň yhlaslylyk görkezýändiklerini-de bellemeli. «Tehnika — daýhanyň daýanjy» diýlişi ýaly, olaryň özlerine tabşyrylan her bir işe jogapkärli çemeleşip, bugdaýa ideg çäreleriniň göwnejaý alnyp barylmagy, ýerleriň ekişe görkezmelere laýyk taýýarlanylmagy ugrundaky goldawlary bu ugurlarda oňat netijeleriň gazanylmagyna uly goşant bolýar.

Halkymyzda «Gyş suwy — gyzyl suw» diýen ýörgünli söz bar. Bu şu döwürde meýdanlary suwdan gandyrmagyň ähmiýetiniň örän uludygyny aňladýar. Şeýle möhüm çäräni öz wagtynda geçirmekde bu daýhan birleşiginde öňdäkileriň hatarynda girişmeklige ykjam taýýarlyk görülýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   156
Ykdysadyýet Türkmen halysynyň milli baýramyna
24.05.2025   253
Ykdysadyýet Bol hasylyň binýady
09.10.2024   299
Ykdysadyýet Ykdysady ösüşleriň aýdyň nyşany
11.03.2025   230
Ykdysadyýet Hereketde bereket bar
30.09.2025   171
Ykdysadyýet Gowaçalara ösüş suwy tutulýar
15.07.2024   333
image